Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
13 verses
1Uzyýa patyşanyň ölen ýyly beýik hem şöhratly tagtyň üstünde oturan Taňryny gördüm. Lybasynyň syýy ybadathanany doldurýardy.
2Onuň ýokarsynda seraflar durdy; hersiniň alty ganaty bardy. Olar ganatlarynyň ikisi bilen ýüzlerini, beýleki ikisi bilen aýaklaryny büreýärdiler, galan ikisi bilen-de uçýardylar.
3Olar biri-birine şeýle diýdi: «Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir. Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr».
4Olaryň sesine gapynyň söýeleri sarsdy, Hudaýyň öýi tüsseden doldy.
5Men hem şeýle diýdim: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy murdar adamdyryn we agzy murdar adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany—Hökmürowan Rebbi gördi».
6Onsoň seraflaryň biri maňa tarap uçdy. Onuň elinde gurbanlyk sypasyndan ätişgir bilen alnan köräp duran köz bardy.
7Seraf közi agzyma degrip, şeýle diýdi: «Ine, bu köz dodaklaryňa degdi. Indi ýazyklaryň aýryldy, günäleriňden saplandyň».
8Soňra Rebbiň sesini eşitdim. Ol: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?» diýdi. Men: «Ine, men; meni iber!» diýdim.
9Ol şeýle diýdi: «Bar-da bu halka: „Eşitmesine eşidýärsiňiz, ýöne düşünmeýärsiňiz, görmesine görýärsiňiz, ýöne bilmeýärsiňiz" diý.
10Bu halkyň ýüregini kütelt, gulaklaryny ker et, gözlerini gap, gözleri bilen görmesin, gulaklary bilen eşitmesin, aňlary bilen aňlamasyn, Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».
11Onsoň men: «Ýa Reb haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle jogap berdi: «Şäherler weýran bolup, ilatsyz galýançalar, öýler adamsyz galyp, ýurt bütinleý haraba öwrülýänçä,
12Reb hemmeleri uzaklara kowup, ýurduň içinde terk edilen ýerler köpelýänçä,
13halkyň ondan biri galsa-da, ýurt ýene-de ýakylar. Mukaddes nesil ýurtda kesilen agajyň töňňesi kimin bolar. Ýurtda kesilen agajyň töňňesi kimin bolar».