Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
12 verses
1Gökleri ýaryp, aşak insediň, Sen! Öňüňde titreşsedi daglar!
2Alawyň çalyny ýandyryşy dek, suwy gaýnadyşy dek oduň adyňy duşmanlaryňa tanatdyrýaň, milletler öňüňde lerzana gelerler.
3Garaşylmaýan gorkunç işleri edeniňde, ýer ýüzüne indiň, öňüňde daglar titreşdi.
4Özüne umyt baglaýanlar üçin şeýle işleri eden Hudaýy owaldan bäri ne gulak eşidipdi, ne-de göz görüpdi.
5Dogry işleri şatlanyp edýänleri, Seni ýatlaýanlary garşylaýarsyň ýollaryňda. Ýöne günä batdyk biz, Sen gaharlandyň, biz halas edilerismi?
6Murdar adam deý bolduk ählimiz, ähli dogry işlerimiz murdar esgi deý. Solýarys biz ýaprak deý, ýel dek alyp gidýär ýazyklarymyz bizi.
7Seniň adyňy tutýan, Saňa daýanjak bolup, oýanýan ýok; Sen ýüzüňi gizlediň bizden, bizi ýazyklarymyzyň ygtyýaryna berdiň.
8Şonda-da Atamyz Sensiň, ýa Reb, biz toýundyrys, Sen küýzegärimiz, Seniň eliňiň işidiris ählimiz.
9Gaty gaharlanma, hemişelik ýatlama ýazygy, ýa Reb, ählimiz Seniň halkyňdyrys, muny nazara al!
10Mukaddes şäherleriň çöl boldy, Siýon düzlüge, Iýerusalim haraba öwrüldi.
11Atalarymyzyň Saňa öwgi aýdan ýeri bolan mukaddes hem gözel öýümiz oda ýandy, ähli eziz zatlarymyz haraba öwrüldi.
12Şulara garamazdan, ýa Reb, saklanjakmy Sen? Dymyp, şeýle gazaply ezýet berjekmi bize?