Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
24 verses
1Reb şeýle diýýär: «Gök Meniň tagtym, ýer aýagyma kürsüdir. Maňa gurjak öýüňiz hany?! Dynçlyk mekanym nirede boljak?!
2Öz elim ýaratdy bularyň baryn, hemmesi-de Meniňkidir! Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga, sözüme titreýäne nazar salaryn. Muny Reb diýýär.
3Öz ýollaryny saýlaýanlar, nejis işlerinden lezzet alýanlar bar. Öküzi gurbanlyk berýän, adam öldüren bilen deňdir, guzy gurban eden, itiň boýnuny ýazdyran ýalydyr; galla sadakasyny beren bilen, doňzuň ganyny hödürlän bilen deňdir, ýakymly ysly tütetgi tüteden buta sežde eden ýalydyr.
4Olara zalymlyk etmegi saýlaryn Menem, gorkýan zatlaryny başlaryna getirerin; çünki Men çagyranymda, hiç kim jogap bermedi, geplänimde, diňlemediler; Meniň ýigrenýän işlerimi etdiler, Maňa ýaramaýan zatlary saýladylar».
5Eý, Rebbiň sözüne titreýänler, Onuň sözüne gulak goýuň: «Sizi ýigrenýän, Meniň adym üçin sizi ret edýän doganlaryňyz: „Reb şöhratlandyrylsyn, bizem siziň şatlygyňyzy göreli!" diýdiler. Emma olaryň özleri utandyrylar».
6Şäherden galmagally sesli, ybadathanadan bir ses eşidilýär! Duşmanlarynyň jezasyny berýän Rebbiň sesidir bu!
7«Burgusyz dogurdy, bir ogul dogurdy azap çekmän.
8Şeýle zady eşiden barmy? Gören barmy şeýle zady? Ýurt bir günde doglarmy? Bir demde dünýä inermi millet? Emma Siýon burgusy tutan dessine ogullaryny dogurdy.
9Men dogurma pursatyna ýetibem, dogurtmaýynmy?» diýýär Reb. Hudaýyň: «Dogurmaga güýç berýän Men ýatgyny ýaparynmy?» diýýär.
10Iýerusalim bilen bile şatlanyň, onuň üçin begeniň, eý, ony söýýänler, eý, Iýerusalim üçin ýas tutýanlar, onuň bilen bile şatlanyň.
11Onuň göwsünden emip, doýarsyňyz, teselli taparsyňyz; ganyp-ganyp içip, doly göwsünden lezzet alarsyňyz.
12Reb şeýle diýýär: «Men abadançylygy derýa dek, milletleriň baýlygyny daşgyn çeşme dek oňa ugrukdyraryn, ol sizi emdirip, elinde göterer, aýagynda yralar.
13Enäniň çagasyna teselli berşi dek, Menem size teselli bererin. Siz Iýerusalimde teselli taparsyňyz».
14Bulary görüp, kalbyňyz şatlykdan dolar, bedeniňiz maýsa kimin gülläp öser; Rebbiň eliniň bendeleriniň üstündedigi aýan bolar, Onuň gazaby bolsa duşmanlaryna garşydyr.
15Çünki Reb alaw bilen gelýär, söweş arabalary tüweleý dek, lowlaýan gazabyny, käýinjini ýalynly alaw kimin döker.
16Reb bütin adamzada otdur gylyjy bilen höküm eder, Rebbiň öldürenleri köp bolar.
17Baglara girmek üçin özlerini mukaddes edip, tämizlenenler, doňuz etini, nejis zatlary, syçan etini iýýänleriň ortasynda duranyň yzyna eýerýänler bilelikde ýok bolarlar. Muny Reb diýýär.
18Reb şeýle diýýär: «Men olaryň işlerini-de, niýetlerini-de bilýärin. Ähli milletleri we dilleri bir ýere toplamak üçin Men gelýärin. Olar gelip, Meniň şöhratymy görerler.
19Men olaryň arasynda bir alamat görkezerin. Olaryň arasyndan gaçyp gutulanlary milletleriň arasyna, Tarşişe, Pula, ýaýçy Luda, Tubala, Ýawana, Men barada eşitmedik, şöhratymy görmedik uzakdaky adalara ýollaryn. Olar Meniň şöhratymy milletleriň arasynda yglan ederler.
20Ysraýyl ogullarynyň galla sadakasyny halal gapda Rebbiň öýüne getirişleri ýaly, olar hem siziň doganlaryňyzyň baryny atlarda, söweş arabalarynda, at arabalarynda, gatyrlardyr düýelerde ähli milletleriň içinden toplap, Meniň mukaddes dagyma—Iýerusalime Rebbe peşgeş hökmünde getirerler.
21Olaryň arasyndan birnäçesini ruhany we lewi edip saýlaryn».
22«Meniň ýaratjak täze gögümiň, täze ýerimiň gözümiň alnynda duruşlary ýaly, siziň nesilleriňiz bilen adyňyz-da şeýle bolar.
23Her Täze Aý baýramynda, her Sabatda ähli ynsanlar huzuryma gelip, Maňa ybadat ederler» diýýär Reb.
24Olar daşa çykyp, Maňa garşy baş galdyranlaryň jesetlerini görerler. Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez; olar bütin adamzada ýigrenji bolarlar.