Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
22 verses
1Reb maňa: «Bir uly tagta al-da, aýdyň görünýän harplar bilen onuň ýüzüne „Maher-şalal-haşbaz" diýip ýaz.
2Men Uryýa ruhany bilen Ýaberekýanyň ogly Zakarýany Özüme ynamly şaýatlar hökmünde çagyraryn» diýdi.
3Men pygamber aýala ýanaşdym. Ol göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Reb maňa: «Adyna Maherşalal- haşbaz dak.
4Çaga „kaka", „eje" diýmegi öwrenmezden öň, Damaskyň we Samarýanyň baýlygyny Aşur patyşasy olja alar» diýdi.
5Reb ýene sözüni dowam edip:
6«Bu halk haýal akýan Şilowa suwuny ret etdi, olaryň Resiniň hem Remalýanyň oglundan köňülleri şat boldy.
7Şonuň üçin Reb Perat derýasynyň güýçli sil suwlaryny, Aşur patyşasyny we onuň şöhratyny bu halkyň üstüne getirer. Ol onuň ähli jarlaryndan aşyp, bütin kenarlaryna dolar.
8Ol joşup, Ýahuda geçer we ony-da basar; ýurduň bogazyna ýeter. Ýaýylan ganatlarynyň gerimi ýurduň ähli çäklerine ýeter, eý, Imanuwel».
9Eý, milletler, gidiň, urşuň ýöne siz gyrylarsyňyz! Gulak goýuň, eý, uzakdaky ähli ýurtlar! Billeriňizi guşaň, ýöne gorkuň! Billeriňizi guşaň, ýöne siz gyrylarsyňyz!
10Bile maslahat geçirersiňiz, ýöne ol başa barmaz; söz sözlärsiňiz, ýöne ol amala aşmaz, çünki Hudaý biziň bilendir.
11Rebbiň güýçli eli üstümdekä, Ol maňa bu halkyň ýolundan ýöremezligi duýduryp, şeýle diýdi:
12«Bu halkyň dildüwşük diýýän her zadyna dildüwşük diýmäň, olaryň gorkýan zatlaryndan gorkmaň, heder etmäň.
13Hökmürowan Rebbi, diňe Ony mukaddes saýyň; Ondan gorkuň, Ondan heder ediň!
14Ol mukaddes öý bolar, emma Ol Ysraýylyň iki patyşalygyna büdreme daşy, ýykýan gaýa, Iýerusalimiň ilatyna duzak we tor bolar.
15Olaryň köpüsi büdräp, ýykylar, ýumrular, duzaga düşürilip, tutular».
16Şägirtlerimiň arasynda şaýatlygy bagla, kanuny möhürle.
17Men Ýakubyň nesillerinden ýüzüni gizleýän Rebbe intizar, Oňa umyt baglaryn.
18Ine, men we Rebbiň maňa beren çagalary, Siýon dagynda mesgen tutýan Hökmürowan Rebbiň Ysraýyldaky alamatlary we nyşanydyr.
19Halk size şeýle diýse: «Pyşyrdaýan we samyrdaýan ruh çagyrýanlara we jadygöýlere ýüz tutuň;
20halk öwüt-nesihat üçin öz hudaýlaryna, dirileriň adyndan ölülere ýüz tutmaly dälmi näme?». Şeýle diýýänler daň şapagyny görmezler!
21Olar muşakgat hem açlyk içinde ýurtda ykmandalyk ederler;
22aç galanlarynda gazaplanyp, öz patyşalaryny we hudaýlaryny näletlärler. Göge-de, ýurda-da bakarlar, emma diňe hasrat, garaňkylyk we elhenç tümlük görerler. Olar tümlüge kowlarlar.