Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
25 verses
1Eý, ysraýyl halky, Rebbiň size aýdýan sözüni diňläň.
2Reb şeýle diýýär: «Gögüň alamatlaryndan gorkmaň, olardan diňe milletler gorkýandyr. Milletleriň ýolundan görelde almaň.
3Halklaryň däp-dessurlary boşdur, tokaýdan kesilen agaja ussanyň guraly şekil berýär.
4Ony altyn-kümüş bilen bezäp, gymyldamaz ýaly çekiç bilen çüýläp berkidýärler.
5Olaryň butlary ekin garantgasy ýaly, gepläp bilýän däldirler. Ýöräp bilmeýändikleri üçin olary göterip äkitmelidir. Olardan gorkmaň: Çünki olar ne ýamanlyk ederler, ne-de ýagşylyk».
6Saňa meňzeş ýokdur, ýa Reb. Sen beýiksiň, gudratda adyň beýikdir.
7Senden gorkmajak barmy, eý, milletler Şasy?! Çünki bu diňe Saňa ýaraşýandyr. Milletleriň ähli akyldarlarynyň, bar patyşalyklarynyň arasynda Seniň ýalysy ýokdur.
8Olaryň bary akmak hem akylsyzdyr. Biderek butlardan tälim alýarlar, olar guran agaçdan ýasalandyr!
9Tarşyşdan – ýenjilen kümüş, Upazdan altyn getirilýär. Ussanyň hem zergäriň hünäridir butlar, gök hem gyrmyzy eşik geýdirerler olara, barysy hem ökde hünärmentleriň işidir.
10Emma Reb hakyky Hudaýdyr, Ol diri Hudaý hem baky Patyşadyr. Onuň gaharyndan titreýär tutuş ýer, gazabyna garşy durup bilmez milletler.
11«Olara şeýle diý: „Gögi hem ýeri ýaratmadyk hudaýlar ýer ýüzünden we gögüň astyndan ýok bolarlar“».
12Ýeri Öz gudraty bilen ýaradan Rebdir. Ol paýhasy bilen dünýäni berkarar etdi, akyly bilen gökleri ýaýdy.
13Ol gürlände, şaglaýar gökdäki suwlar, göterilýär ýeriň uçlaryndan bulutlar. Ýagyş üçin ýyldyrymlar çakdyrýar, ammarlaryndan şemal öwüsdirýär.
14Her bir adam akmak hem akylsyzdyr, her zergär ýasan butlaryndan uýada galar, olar ýasalandyr, olarda jan ýokdur.
15Bular biderekdir, masgarabazlaň işidir; jezalandyranymda olar ýok bolarlar.
16Emma Ýakubyň paýy beýle däldir, çünki ähli zatlary ýaradan Hudaýdyr, Ysraýyl tiresi Onuň mirasydyr, Onuň ady Hökmürowan Rebdir.
17Eý, gabawda oturanlar, şaýyňyzy tutuň!
18Çünki Reb şeýle diýýär: «Ine, bu gezek Men bu ýurduň ilatyny uzaklara taşlaryn. Görsünler diýip, üstlerine bela indererin».
19Çekýän hasratymdan ýaňa dat günüme! Ýaram agyr, emma men: «Dogrudanam, bu meniň derdim, muny çekmegim gerek» diýdim.
20Çadyrym ýykyldy, üzüldi ähli tanaplary. Çagalarym taşlap gitdiler meni, ýok olar indi. Çadyrymy täzeden dikmäge, hiç kim ýok perdelerimi asmaga.
21Çünki azaşdylar çopanlar aklyndan, Rebbi agtarmadylar. Şonuň üçin bolmady ugruna işleri, dargady ähli sürüleri.
22Diňläň, bir habar gelýär! Ýahuda şäherlerini harabalyga, şagallar sürenine öwürmek üçin demirgazyk ýurtdan uly gopgun gelýär.
23Ýa Reb, men ynsanyň ýolunyň öz elinde däldigini, dogry ädim basmagyň ygtyýarynda däldigini bilýärin.
24Gazabyň bilen däl-de, adalatyň bilen, ýa Reb, meni terbiýele! Ýogsam meni hiç edersiň.
25Gazabyňy dök Seni tanamaýan milletleriň, adyňy çagyrmaýan halklaryň üstünden. Çünki olar Ýakubyň neslini ýalmadylar, ony ýuwdup, ýok etdiler, mekanyny weýran etdiler.