Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
27 verses
1Reb maňa: «Git-de, özüňe zygyr matadan tikilen guşak satyn alyp, ony biliňe guşa, ýöne ony suwa batyrma» diýdi.
2Şeýlelikde, men Rebbiň sözi boýunça bir guşak satyn alyp, ony bilime guşadym.
3Maňa ýene Rebbiň sözi geldi:
4«Biliňdäki satyn alan guşagyňy al-da, Parat obasyna git. Ony ol ýerde bir gaýanyň jaýrygynda gizle».
5Rebbiň buýrugy boýunça men gidip, guşagy Parat obasynda gizledim.
6Köp gün geçenden soň, Reb maňa: «Tur, Parat obasyna git-de, gizlemegi buýran guşagymy al» diýdi.
7Onsoň men Parat obasyna gitdim, gizlän ýerimden gazyp, guşagy aldym. Emma guşak çüýräp zaýalanan eken. Ol hiç zada ýarajak däldi.
8Maňa Rebbiň sözi geldi:
9«Reb şeýle diýýär: „Men Ýahudanyň tekepbirligini we Iýerusalimiň aşa gedemligini hut şonuň ýaly edip çüýrederin.
10Bu pis halk kesirlik bilen öz isleglerine kowalaşyp, sözüme gulak asmak islemeýär. Olar başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara gulluk we sežde edýärler. Şonuň üçin olar hem hiç derde ýaramaýan şu guşak ýaly bolarlar.
11Guşak ynsanyň biline nähili ýapyşýan bolsa, Men hem tutuş ysraýyl we ýahuda halklaryny Özüme şeýle ýapyşdyraryn. Olaryň Maňa at-abraý, öwgi we şöhrat getirjek Öz halkym bolmagyny isledim, emma olar gulak asmadylar. Muny Reb aýdýandyr“.
12Olara şu sözi ýetir, Ysraýyl Hudaýy Reb: „Ähli küýzeler şerapdan dolar“ diýýär diý. Olar saňa: „Ähli küýzäniň şerapdan doljagyny biz näme bilýän däldiris öýdýäňmi?“ diýerler.
13Şonda olara Reb şeýle diýýär diý: „Bu ýurtda ýaşaýanlaryň ählisini – Dawudyň tagtynda oturan patyşalary, ruhanylary, pygamberleri, Iýerusalimiň tutuş ilatyny serhoş bolýançalar şerapdan doýraryn.
14Men olary ata-eneleri we çagalary bilen birlikde biri-birini gyrlyşdyraryn. Olary ýok edenimde, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, ýüregim awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.
15Eşidiň, gulak goýuň, tekepbirlik etmäň, çünki Reb gepleýär.
16Garaňkylyk düşürmezden öň, zulmat daglarynda aýaklaryňyzy büdretmezden öň, Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň. Siz yşyga garaşýarsyňyz, emma Reb ony ölüm kölegesine öwrüp, tüm garaňkylyga gaplar.
17Emma siz muňa gulak asmasaňyz, tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn; Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin, gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.
18Patyşa bilen onuň ejesine aýt: „Tagtyňyzdan düşüp, aşakda oturyň, çünki şöhrat täjiňiz başyňyzdan aýryldy“.
19Negebiň şäherleri ýapyldy, olary açjak ýokdur. Bütin Ýahuda sürgün edildi, tutuşlygyna sürgün edildi.
20Başyňyzy galdyryp, demirgazykdan gelýänleri görüň. Saňa berlen süri, ajaýyp süriň nirede?
21Ýolbaşçy edip ýetişdiren adamlaryňy Reb özüňe hojaýyn etse, näme diýersiň? Dogurýan aýalyň burgusy ýaly seni-de sanjy tutmazmy?
22Eger içiňden: „Näme üçin bu zatlar meniň başyma düşdükä?“ diýýän bolsaň, bu etmişleriňiň köplügi sebäpli etegiň açyldy we namysyňa degildi.
23Efiopiýaly öz teniniň reňkini, gaplaň meneklerini üýtgedip bilermi? Onda şer iş etmäge uýgunlaşan siz hem ýagşylyk edip bilermikäňiz?
24Men olary çöl ýeli bilen sowrulýan saman külkesi kimin dargadaryn.
25Seniň nesibäň, saňa ölçäp beren paýym budur. Muny Reb aýdýandyr, çünki sen Meni unutdyň, ýalana bil bagladyň.
26Men-de uýat ýeriň açylsyn diýip, etegiňi ýüzüňe çenli galdyraryn.
27Meýdanda we depeleriň üstünde seniň eden nejis işleriňi – zynahorlugyňy, esräp kişňeýşiňi, haýasyz lolulygyňy gördüm. Dat günüňe, eý, Iýerusalim! Tämizlenmegiň üçin, ýene näçe wagt gerek saňa?!»