Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
10 verses
1Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakyny, Ýahudanyň ýolbaşçylaryny, hünärmentler bilen demirçileri Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi. Bu wakadan soň Reb maňa Özüniň ybadathanasynyň öňünde goýlan iki sebet injiri görkezdi.
2Bir sebetde ir ýetişýän injirler bardy. Olar diýseň gowudy. Beýleki sebetde bolsa iýmäge ýaramaýan gaty erbet injirler bardy.
3Onsoň Reb menden: «Ýermeýa, näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Injir. Gowulary gaty gowy, erbetleri bolsa, gaty erbet, çüýrükliginden ýaňa olary iýer ýaly däl» diýdim.
4Onsoň maňa Rebbiň şu sözi geldi.
5«Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Bu ýerden babyllylaryň ýurduna sürgün edilen Ýahuda ýesirlerini bu gowy injirler ýaly ýagşy saýaryn.
6Nazarym ýagşylyk üçin olarda bolar, olary ýene bu ýurda getirerin. Olary bina ederin, ýykmaryn; olary ekerin, sogrup taşlamaryn.
7Meniň Rebdigimi tanar ýaly, olaryň ýüreklerine isleg bererin. Olar Meniň halkym bolar, Men-de olaryň Hudaýy bolaryn, çünki olar tutuş kalby bilen Maňa öwrülerler“.
8Reb şeýle diýýär: „Emma Ýahuda patyşasy Sidkiýany, onuň ýolbaşçylaryny, bu ýurtda Iýerusalimiň aman galanlary bilen Müsürde ýaşaýanlary edil ýaramsyz çüýrük injir ýaly ederin.
9Men olary ýer ýüzüniň ähli patyşalyklary üçin howpa we ýamanlyga öwrerin. Sürgün eden her bir ýerimde bolsa, olar masgara, gep-gürrüň, gülki bolup näletlenerler.
10Özlerine hem ata-babalaryna beren ýurdumdan doly ýok bolýançalar üstlerine gylyç, açlyk, mergi ibererin“».