Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
25 verses
1Eýýup şeýle diýdi:
2«Siz bar zady bilýänsiňiz, Siz ölende, paýhas-da siz bilen öler!
3Meniň-de akylym siziňki ýaly, Men-de sizden kem däldirin, Bu zatlary bilmeýän barmy?
4Öz dostlaryma gülki boldum! Hudaýy çagyrdym, Ol-da maňa jogap berdi, Dogruçyl, päk bolsam-da, men ile gülki!
5Dertsizler betbagtlaryň üstünden gülýärler, Büdreýänleri itip göýberýärler.
6Garakçylaryň çadyrlary asuda, Hudaýy gazaplandyrýanlar howpsuz, Olaryň güýji ýeke-täk hudaýydyr.
7Haýwanlardan sora, olar saňa öwrederler, Gökdäki guşlardan sora, olar saňa aýdyp bererler.
8Ýerden sora, saňa öwreder ol, Deňziň balyklary saňa aýdyp bererler.
9Muny Rebbiň eliniň edendigini Bularyň haýsysy bilýän däldir?
10Her bir jandaryň jany, Bütin adamzadyň demi Onuň elindedir.
11Agzyň tagamy dadyşy deý, Gulagam sözleri seljermezmi?
12Paýhas garrylarda, Düşünje uzak ömürdedir.
13Paýhasam, gudratam Hudaýdadyr, Öwüt-de, danalyk-da Onuňkydyr.
14Hudaýyň ýykanyny hiç kim dikeldip bilmez, Onuň gabanyny hiç kim boşadyp bilmez.
15Hudaý suwlary togtatsa, bar zat guraýar, Iberse-de, dünýäni sil alýar.
16Gudratam, paýhasam Onuňkydyr, Aldan-da, aldanan-da Onuňkydyr.
17Ol hökümdarlary kemsidip, Kazylary akmaklara öwürýär.
18Ol şalaryň guşagyny gowşadyp, Billerine ýüp baglaýar.
19Ruhanylary kemsidip, Güýçlileri agdarýar.
20Ynamly maslahatçylary dymdyryp, Ýaşululary akylyndan mahrum edýär.
21Şazadalary ile ryswa edýär Ol, Güýçlileri ýaragsyzlandyrýar.
22Garaňkylyk jümmüşiniň syrlaryny açýar, Tüm garaňkylygy ýagtylyga öwürýär.
23Milletleri beýgeldip, yzysüre ýok edýär, Milletleri artdyryp, olary sürgün edýär.
24Baştutanlary akylyndan azaşdyryp, Ýolsuz çölde ykdyrýan-da Oldur.
25Olar garaňkyda yşyksyz sermeleşip ýörýärler, Olary serhoş kimin entiredýär».