Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
21 verses
1Onsoň şuwaly Bildat şeýle diýdi:
2«Ne zaman gutarjak sözüňi? Oňatja pikirlen, onsoň gepleşeris,
3Biz näme üçin haýwan saýylýarys, Näme üçin akmak görünýäris gözüňe?
4Gaharyňa öz janyňa zor salýarsyň, Sen diýip dünýä terk edilsinmi? Gaýalar süýşsünmi?
5Pisleriň yşygy sönýär, Ot ýalynlary parlamaýar.
6Çadyryndaky nur garaňkylyga öwrülýär, Depelerindäki çyrasy sönýär.
7Gadamlarynyň bady gowşaýar, Öz işleri ýykýar olary.
8Öz aýaklary bilen tora düşýärler, Özleri garyma ýykylýarlar.
9Aýagy gapana düşýär, Olary duzak gapjaýar.
10Olar üçin ýere syrtmak çekilýär, Ýollaryna duzak gurulýar.
11Çar tarapdan howp abanýar olara, Howp olaryň söbügine düşýär.
12Güýç-kuwwat galmaz açlykdan ýaňa, Ýanlaryndan betbagtçylyk aýrylmaz.
13Derilerini dert iýýär, Ölüm buşlukçysy el-aýaklaryny ýuwudýar.
14Ynam eden çadyryndan alnyp gidilip, Howplar şasynyň ýanyna getirilýär.
15Çadyrlarynda hiç zat galmaz, Ýurtlaryna kükürt ýagdyrylar.
16Kökleri guraýar aşakda, Şahalary solýar ýokarda.
17Ýer ýüzünde olaryň atlary unudylar, Köçelerde atlary ýatlanmaz.
18Ýagtylykdan garaňkylyga itilip, Dünýäden kowlarlar.
19Halkynyň arasynda ne zürýady, ne-de nebereleri bolar, Mesgeninde yzynda galan bolmaz.
20Öňki nesiller olaryň takdyryna haýran galarlar, Howp gurşaýar soňky nesilleri.
21Şeýle bolýandyr erbediň kysmaty, Hudaýy tanamaýanyň mesgeni şudur».