Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
29 verses
1Onsoň nagamly Sopar şeýle diýdi:
2«Gulak goý! Pikirlerim jogap bermäge mejbur edýär, Mundan artyk saklanyp bilmerin.
3Sözleriň bilen meni kemsidýäň, Düşünjäm saňa jogap berdirýär.
4Owaldan bäri, Ynsanyň dünýä gelşinden bäri bilmeýärmidiň muny?
5Pisleriň heşellesi wagtlaýyndyr, Hudaýsyzyň şatlygy bir salymlykdyr.
6Hatda olaryň boýy göklere ýetip, Başlary bulutlara degse-de,
7Pisler öz nejasaty kimin baky ýok bolarlar, Olary tanaýanlar: „Olar nirede?“ diýerler.
8Düýş kimin uçup giderler, Gijeki görnüş kimin gaýyp bolarlar.
9Bir gören göz gaýdyp görmez olary, Mekany-da olary ikilenç görmez.
10Ogullary pukaralaryň öňlerinde özlerini kiçelderler, Elleri bilen olaryň baýlygyny yzyna gaýtararlar.
11Bedenleri ýaşlyk gujuryndan doly hem bolsa, Olar bilen toprak astynda ýatarlar.
12Hatda pislik agza datly görnüp, Ony diliniň astynda gizleseler-de,
13Pisligi saklap, goýbermän, Agyzlarynda saklasalar-da,
14Iýenleri aşgazanynda turşar, Içlerinde ýylanyň zäherine döner.
15Baýlygy ýuwdup, ýene gusýarlar ony, Hudaý ony içlerinden çykarýar.
16Ýylanlaryň zäherini sorarlar, Alahöwreniň dişi olary öldürer.
17Akar suwlaryň, Baldyr gaýmak akýan dereleriň hözirini görmezler.
18Gazananlaryny iýmän, yzyna gaýtararlar, Eden söwda-satlygyndan haýyr görmezler.
19Çünki pukaralary ezip, olardan ýüz öwürdiler, Öz gurmadyk öýlerini eýelediler.
20Açgözlükden kalplary rahatlyk tapmaz, Arzyly zatlary olary halas etmezler.
21Iýenlerinden artany bolmady, Munuň üçin rowaçlyklary uzaga çekmez.
22Bollukda azap çekerler, Depelerinden muşakgat iner.
23Garynlaryny doýranlarynda, Hudaý lowlaýan gazabyny üstlerine döker, Gazabyny başlaryndan iýmit kimin ýagdyrar.
24Demir ýaragdan gaçyp gutulsalar, Bürünç ýaý içlerinden parran geçer.
25Ok içlerinden böwsüp geçer, Ýalpyldaýan ujy böwürlerinden çykar, Üstlerine howp abanar.
26Tüm garaňkylykda hazynalary ýok bolýar, Üflenmedik ot olary ýuwdar, Çadyrlarynda galanlaryny ýakyp ýok eder.
27Gökler şaýatlyk eder etmişlerine, Bütin älem-jahan olara garşy çykar.
28Hudaýyň gazap güni Öýleri emlägi bilen süpürilip äkidiler.
29Ine, şudur pisleriň Hudaýdan aljak paýy, Hudaýyň olara beren mirasy».