Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
18 verses
1Şeýle hem, manaşe tiresi üçin hem bije atyldy, çünki Manaşe Ýusubyň ilkinji doglan ogludy. Manaşeniň ilkinji ogly, Gilgadyň kakasy Makyr ökde urşujy bolandygy üçin, bije boýunça oňa Gilgat we Başan berildi.
2Galan manaşe tiresiniň uruglarynyň, ýagny Abigezer, Helek, Asryýel, Şekem, Heper we Şemida uruglarynyň hem bije boýunça paýlary bardy. Bular Ýusubyň ogly Manaşeniň erkek nesilleridi.
3Manaşeniň ýuwlugy, Makyryň çowlugy, Gilgadyň agtygy, Heperiň ogly Selopehadyň ogul perzendi bolmandyr. Onuň diňe bäş gyzy bolupdyr, olaryň atlary şular: Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa.
4Olar Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we ýolbaşçylaryň ýanyna gelip, olara: «Reb Musa erkek garyndaşlarymyz bilen birlikde bize hem mülk ýer bermegi buýrupdy» diýdiler. Şeýlelikde, Ýeşuwa Rebbiň buýrugyna görä, olara hem erkek garyndaşlarynyň arasynda mülk berdi.
5Manaşe tiresine Iordanyň gündogaryndaky Gilgatdan we Başandan başga-da, on paý ýer berildi.
6Sebäbi Manaşeniň gyzlary hem edil ogullary ýaly mülk aldylar. Gilgadyň ýeri beýleki galan Manaşe nesillerine degişlidi.
7Manaşeniň tutýan meýdany Aşerden başlap, Mikmetada çenli, ýagny Şekemiň gündogar tarapyna çenli uzalyp, ol ýerden araçäk günorta tarap Eýntapuwanyň ýaşaýjylaryna çenli ýetýär.
8Tapuwa galasynyň daş-töweregi Manaşä degişlidi, emma Tapuwa galasy efraýymlylara degişli bolan Manaşeniň araçäginde ýerleşýärdi.
9Soňra araçäk Kana akymynyň günorta tarapy bilen aşak düşýär. Akymyň günortasyndaky galalar Manaşede ýerleşseler-de, Efraýyma degişli bolupdyr. Manaşeniň araçägi akymyň demirgazyk tarapynda bolup, ol Ortaýer deňzinde gutarýar.
10Günorta tarap Efraýyma, demirgazyk bolsa Manaşä degişli bolup, olaryň günbatar araçägi Ortaýer deňzi bolupdyr. Olaryň demirgazyk-günbatar tarapy – Aşer, demirgazyk-gündogar tarapy bolsa Ysakar bolupdyr.
11Ysakardan we Aşerden manaşelere obalary bilen Beýtşeýany, Iblegamy, şeýle-de Doruň (bu deňiz kenarynda), Endoruň, Tagnagyň, Megidonyň ilatyny we obalaryny berdiler.
12Manaşeler ol galalaryň ýaşaýjylaryny kowup çykaryp bilmediler we kenganlar öz ýerlerinde galyp, ýaşamaklaryny dowam etdirdiler.
13Ysraýyllar güýçlenenden soňra, kenganlary özleri üçin mejbury iş edýänlere öwürdiler. Emma olary bütinleý kowup çykarmadylar.
14Ýusubyň nesilleri Ýeşuwa: «Näme üçin sen bize bir bije paý we bir mülk ýer berýärsiň? Biziň bolsa adam sanymyz köp, bizi Reb ýalkady» diýdiler.
15Ýeşuwa olara: «Eger siziň adam sanyňyz köp bolsa we Efraýym daglyklary size darlyk edýän bolsa, onda tokaýlara gidiň-de, şol ýerde perizleriň we rapalaryň ýerinden özüňize ýer açyň» diýdi.
16Ýusubyň nesilleri oňa: «Bu daglyk meýdanlar biziň üçin ýeterlik däl. Düzlükde ýaşaýan ähli kenganlaryň, şeýle hem, Beýtşeýanda, onuň obalarynda we Ýizregel jülgesinde ýaşaýanlaryň demirden söweş arabalary bar» diýdiler.
17Soňra Ýeşuwa Ýusubyň nesilleri bolan manaşelere we efraýymlara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Siz köp sanly we sizde uly güýç bar, şonuň üçin hem size diňe bir bije paý berip goýmaly däldir.
18Daglyk meýdanlar siziňki bolar. Ol ýer tokaýlyk bolsa-da, siz ony arassalasaňyz, onuň daşky serhetlerine çenli siziňki bolar. Kenganlaryň demir arabalary bar bolsa-da, güýçli bolsalar-da, siz olary kowup çykarmagy başararsyňyz».