Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
18 verses
1Abymelekden soň Ysraýyly halas etmek üçin ysakar tiresinden Dodonyň agtygy Puwanyň ogly Tola aýaga galdy. Ol Efraýym daglygynda ýerleşýän Şamyr diýen ýerde efraýymlaryň arasynda ýaşady.
2Ol ýigrimi üç ýyl Ysraýyla serdar boldy. Soňra ol dünýäden ötdi, ony Şamyrda jaýladylar. Ýaýyr serdar
3Ondan soň, Ysraýyla ýigrimi iki ýyllap Gilgatly Ýaýyr serdar boldy.
4Onuň otuz ogly bardy; olar otuz eşekli bolup, hersi bir eşek münýärdi. Olar Gilgadyň otuz galasyna öz hökümlerini ýöredýärdiler. Henize çenli şol galalar Hawwosýaýyr diýlip atlandyrylýar.
5Ýaýyr aradan çykanda, ony Kamon galasynda jaýladylar.
6Ysraýyllar ýene Rebbiň ýigrenýän işlerini edip başladylar. Ysraýyllar Bagal bilen Aştoret butlaryna hem-de Aramyň, Sidonyň, Mowabyň, ammonlaryň, piliştlileriň hudaýlaryna gulluk edip başladylar. Rebbi bolsa terk etdiler, Oňa gulluk etmediler.
7Şonuň üçin Rebbiň Ysraýyla gahary geldi. Ol ysraýyllary piliştlileriň we ammonlaryň eline berdi.
8Şol ýyl olar ysraýyllary dargadyp, olara gaty azar berdiler. Iordanyň gündogaryndaky Gilgatda, ýagny amorlaryň ýerinde ýaşaýan ähli ysraýyllara olar on sekiz ýyllap sütem etdiler.
9Iň soňunda ýahuda, benýamin we efraýym tireleri bilen uruşmak üçin ammonlar Iordandan geçdiler. Ysraýyllar uly gaýgy-alada galdylar.
10Olar Rebbe ýüzlenip: «Biz Seniň öňüňde günä etdik, öz Hudaýymyz Seni terk edip, bagallara gulluk etdik» diýip eňreşdiler.
11Reb ysraýyllara şeýle diýdi: «Sizi müsürlileriň hem, amorlaryň hem, ammonlaryň hem, piliştlileriň hem elinden azat eden Men dälmi?
12Sidonlar, amalekler we mowaplylar size sütem eden wagty Meni çagyranyňyzda, Men sizi olaryň elinden halas etdim.
13Siz Meni unutdyňyz we başga hudaýlara gulluk etdiňiz, şonuň üçin Men size indi rehim etjek däl.
14Baryň, öz saýlan hudaýlaryňyza ýüz tutuň, gysaja düşeniňizde, sizi, goý, şolar halas edibersinler».
15Ysraýyllar Rebbe ýüzlenip: «Biz Seniň öňüňde günäli, bize islän jezaňy berip bilersiň, ýöne bu gün bizi halas et!» diýdiler.
16Şeýdip, olar keseki hudaýlardan ýüz öwrüp, ýene Rebbe gulluk edip başladylar. Reb olara ýene-de dözmedi.
17Ammonlar üýşüp, Gilgatda düşelge gurdular. Ysraýyllar ýygnanyp, Mispada düşelge gurdular.
18Gilgat halkynyň tirebaşylary biri-birilerine: «Ammonlaryň garşysyna kim ilkinji bolup urşa başlasa, şol adam Gylgadyň tutuş ilatyna baştutan bolar» diýdiler.