Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
15 verses
1Efraýymlar uruşmak üçin bir ýere ýygnandylar we Iordan derýasyndan geçip, Safona geldiler. Olar Ýeftaha: «Sen näme üçin ammonlar bilen uruşmaga gideniňde bizi çagyryp, özüň bilen alyp gitmediň? Biz seniň özüň bilen bilelikde öýüňi otlarys» diýdiler.
2Ýeftah olara şeýle diýdi: «Meniň we meniň adamlarymyň ammonlar bilen bir uly dawamyz bardy. Men sizi kömege çagyrdym, emma siz gelip, meni olaryň elinden gutarmadyňyz.
3Siziň meni halas etmejegiňize gözüm ýetende, men janymy howp astynda goýup, ammonlaryň üstüne gitdim. Reb olary meniň elime berdi. Indi näme bu gün siz meniň bilen uruşmaga geldiňizmi?»
4Ýeftah Gylgadyň ähli erkeklerini çagyrdy-da, efraýymlar bilen uruşdy. Gilgatlylar efraýymlary gyrdylar, sebäbi efraýymlar olara: «Eý, efraýym we manaşe halklarynyň arasynda ýaşaýan gilgatlylar! Siz Efraýymdan gaçan dönüklersiňiz!» diýipdiler.
5Gilgatlylar efraýymlaryň elinden Iordan derýasynyň güzerini aldylar. Diri galan efraýymlardan biri: «Iordan derýasyndan geçmäge rugsat edäýiň» diýse, Gylgadyň adamlary: «Sen efraýymly dälmi?» diýip sorardylar. Eger ol «Ýok» diýip jogap berse,
6olar oňa: «Hany, „şibbolet“ diýip aýt» diýerdiler. Şonda ol «sibbolet» diýäýse, onda ony Iordan derýasynyň güzerinde öldürerdiler. Çünki efraýymlar «ş» sesini aýdyp bilmeýändikleri üçin, oňa derek «s» sesini aýdýardylar. Şeýdip, gilgatlylaryň elinden kyrk iki müň efraýymly öldi.
7Ýeftah Ysraýylda alty ýyllap serdar boldy. Ol ölende, ony öz Gilgat galasynda jaýladylar.
8Ýeftah ölenden soň, beýtullahamly Ybsan Ysraýylda serdar boldy.
9Onuň otuz ogly we otuz gyzy bolup, gyzlaryny başga tirelere durmuşa çykaryp, ogullaryny-da başga tirelerden öýerdi. Ol ýedi ýyl Ysraýylyň serdary boldy.
10Ybsan aradan çykanda, ony Beýtullahamda jaýladylar.
11Ondan soň zebulunly Elon Ysraýyla serdar bolup, ony on ýyllap dolandyrdy.
12Elon ölende, ony Zebulundaky Aýalonda jaýladylar.
13Ondan soň piratonly Hilleliň ogly Abdon Ysraýyla serdar boldy.
14Onuň kyrk ogly we otuz agtygy bolup, olaryň hersi bir eşek mündi. Ol Ysraýyla sekiz ýyllap serdar boldy.
15Hilleliň ogly Abdon ölende, ony Efraýymdaky amalekleriň ýaşaýan daglygynda, Piraton diýen ýerde jaýladylar.