Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
23 verses
1Rebbiň perişdesi Gilgaldan Bokyma gelip, şeýle diýdi: «Men sizi Müsürden çykaryp, ata-babalaryňyza söz beren ýurduma getirdim. Men şol mahal Özümiň siz bilen eden ähtimi asla bozmajakdygymy we
2bu ýurduň ilaty bilen siziň äht edişmeli däldigiňizi, olaryň gurbanlyk sypalaryny ýykyp-ýumurmalydygyňyzy aýdypdym. Ýöne siz sözüme gulak asmadyňyz. Bu näme etdigiňiz boldy?
3Şonuň üçin hem indi Men size şuny aýdýaryn: Men olary siziň öňüňizden kowmaryn. Olar size duşman bolarlar, olaryň hudaýlary size duzak bolarlar».
4Rebbiň perişdesi bu sözleri aýdanda, ähli ysraýyllar möňňürip aglaşdylar.
5Şonuň üçin olar bu ýeriň adyna Bokym goýdular we şol ýerde Rebbe gurbanlyk berdiler.
6Ýeşuwa adamlary öýli-öýüne ugradandan soň, ysraýyllar özlerine ýurtdan mülk berlen ýerlerine eýelik etmek üçin gitdiler.
7Ýeşuwa dirikä-de, ol ölenden soň hem, şol ýerde ömür sürüp, Rebbiň Ysraýyla eden ähli ägirt işlerini gözi bilen gören ýaşulularyň döwründe-de halk Rebbe gulluk etdi.
8Rebbiň guly Nun ogly Ýeşuwa ýüz on ýaşap öldi.
9Ony Gagaş dagynyň demirgazyk tarapyndaky Efraýym daglygynda, Timnaheresdäki öz mülkünde jaýladylar.
10Şeýlelik bilen, tutuş bir nesil çalyşdy we öňki nesliň deregine Rebbi bilmeýän we Onuň Ysraýyl üçin eden işlerinden habarsyz başga bir nesil kemala geldi.
11Soňra ysraýyllar Rebbiň ýigrenýän işlerini edip, Bagal butlaryna gulluk etdiler.
12Olar ata-babalaryny Müsürden çykaran öz Hudaýy Rebbi terk edip, daş-töweregindäki ähli goňşy milletleriň hudaýlaryna sygyndylar, olara baş egip sežde etdiler. Şeýdip, olar Rebbiň gaharyny getirdiler.
13Olar Rebbi terk edip, Bagal hem-de Aştoret butlaryna gulluk etdiler.
14Rebbiň ysraýyllara gahary geldi. Reb olary talaňçylaryň eline berdi, olary taladylar. Reb olary çar tarapdan duşmanlaryň eline berdi. Olar duşman öňünde uzak durup bilmediler.
15Rebbiň ant içip söz berşi ýaly, olar nirä söweşmäge çyksalar, Reb ysraýyllara garşy boldy. Ysraýyllar gaty köp ejir çekdiler.
16Ysraýyllary talaňçylaryň elinden halas etmek üçin Reb serdarlar saýlap çykardy.
17Emma olar serdarlara-da gulak asman, Rebbe biwepalyk edip, başga hudaýlara sežde etdiler; Rebbiň buýruklaryny ýerine ýetiren ata-babalarynyň yzyna eýermän, gaýtam olaryň ýolundan juda tiz çykdylar.
18Reb olar üçin ýolbaşçy serdary çykaranda, Reb serdar bilen bile bolardy, serdaryň ähli ýaşan ömründe, Reb ysraýyllary duşmanlarynyň elinden halas ederdi. Çünki olar sütemiň we zulmuň goly astynda bolanlarynda, Reb olara rehim ederdi.
19Emma serdar ölen badyna, olar ýene öňki ýollaryna dolanýardylar, ata-babalaryndan beter bozulýardylar; başga hudaýlara gulluk edip, olara sežde ederdiler. Şeýdip, olar tekepbirlik bilen özleriniň bet işlerinden el üzmediler.
20Şoňa görä Rebbiň ysraýyllara gahary gelip, şeýle diýdi: «Bu halk olaryň ata-babalary bilen Meniň eden ähtimi bozdy, sözüme gulak asmady,
21şu sebäpden Ýeşuwa ölmezden öň, kowulman galan halklaryň hiç birini-de, indi Men olaryň öňünden kowmaryn.
22Şeýdip, olary şu halklar bilen synap görjek, ata-babalary ýaly olar hem Rebbiň ýolundan ýörärlermikä ýa-da ýok?»
23Reb bu halklary birbada kowup çykarmady. Olara Ýeşuwanyň ygtyýaryna berilmedik ülkelerde galmagyna rugsat berdi.