Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
31 verses
1Şol gün ýeňiş mynasybetli Debora bilen Abynogamyň ogly Barak şeýle aýdym aýtdylar:
2«Ysraýyl ýolbaşçylary aýaga galanda, halk olara meýletin boýun bolanda, Rebbe alkyş aýdyň!
3Eý, patyşalar, eşidiň! Eý, serkerdeler, diňläň! Men Rebbe nagma aýtjak, Ysraýyl Hudaýy Rebbe bir owadan saz çaljak.
4Ýa Reb, Sen Seýirden çykaňda, Edomdan nyzamly aýak goşaňda, ýer sarsyp titredi, asmandan çagba ýagdy, bulutlardan sil akdy.
5Sinaý dagynda Rebbiň öňünde, Ysraýyl Hudaýy Rebbiň öňünde daglar sarsyp lerzana geldi.
6Ýageliň zamanynda Anat ogly Şamgar höküm sürende, kerwenleriň yzy kesilipdi, ýolagçylar sowa ýoldan ýöräpdiler.
7Debora heniz gelmezinden öň, ene hökmünde orta çykarmazdan öň, Ysraýyl obalarynda hiç kim galmandy.
8Olar täze hudaýlary saýlan wagty uruş gala derwezesine gelip ýetipdi. Ysraýylyň kyrk müň esgeriniň ählisi ne galkanyn tapdy, ne-de naýzasyn.
9Eý, Ysraýyl serkerdeleri, ýüregim siz bilen, gahrymanlarça söweşjekler bilen. Rebbe şöhrat bolsun!
10Muny aýdyň, adamlar, ak eşek münüp gelýänler, haly-palaslarda oturanlar, ýoldan geçip barýanlar!
11Güzere eşidilýär sazyň owazy, eşidýäs biz surnaýlaň sesin. Ysraýyl serdarlarynyň beýik işlerini, Rebbiň ýeňşini wasp edýärler. Rebbiň halky gala derwezesine inýär.
12Oýan, eý, Debora, oýan! Aýt, sen öz aýdymyňy aýt! Eý, Abynogam ogly Barak, galkyn! Öz duşmanlaryňy ýesir al!
13Diri galanlar öz serkerdesiniň ýanyna geldi, Rebbiň halky uly güýç bilen maňa geldi.
14Amalek ýurdundaky efraýym hem benýamin tirelerinden uruş tälimin bilýänler geldiler. Makyrdan ýolbaşçylar geldiler. Zebulundan şa hasasyny göterýänler geldiler.
15Ysakar serkerdeleri Debora bilen biledi. Hawa, ysakar halky Baraga wepalydy, onuň yzyndan pyýadalap düzlüge düşdüler. Emma ruben urugynda içini hümledýänler köpdi.
16Näme üçin siz agyllaryň ýanynda çopan tüýdüginiň owazyna maýyl bolup oturdyňyz? Rubeniň urugynda içini hümledýänler köpdi.
17Gilgat Iordanyň aňyrsynda galdy. Danyň adamlary öz gämileri bilen galdy. Aşeriň halky deňiz ýakasynda öz gämi duralgalarynda galdy.
18Naftaly hem zebulun halklary janlaryny howp astynda goýup, söweş meýdanynda çaknyşdylar.
19Tagnakda we Megido suwlarynyň ýakasynda Kengan hanlary gelip söweşdiler; emma olar ne kümüş, ne olja gazandylar.
20Asmandan ýyldyzlar lowurdap, öz ýolunda Sisera bilen söweşdi.
21Kişonyň akymy – bu gadymy derýa olary gark etdi. Eý, janym! Güýjüňi jemläp, öňe git!
22At toýnagynyň ýer sarsdyrýan sesi eşidildi.
23Rebbiň perişdesi diýýär: „Batyr esgerlere goşulmandygy üçin Meroz galasyna gargaň, onuň halkyna lagnat ýagdyryň!“.
24Keýnlerden bolan Heberiň aýaly Ýagel çadyrda ýaşaýan aýallar arasynda ýalkansyn!
25Sisera suw diledi, Ýagel oňa süýt berdi. Hanlara mynasyp käsede oňa gaýmak getirdi.
26Ol çadyrdan çykdy, sol eline gazyk, sag eline tokmak aldy. Tokmak bilen Siserany urup, onuň kellesini mynjyratdy. Ol gazygy eline aldy-da, Siseranyň gulak tozunda goýup, üstünden tokmak bilen kakdy.
27Sisera Ýageliň aýagynyň astynda, ýatan ýerinde jan berdi.
28Siseranyň ejesi penjireden seredip, gözüni ýola dikip durşuna perýat edýär: „Oglumyň arabalary näme üçin eglendikä? Näme üçin atlarynyň aýak sesi eşidilenok?“.
29Akylly boýdaşlary oňa göwünlik berdiler. Megerem, onuň özi-de özüne şeýle diýerdi:
30„Belki, olja paýlaşýandyrlar, hersi özüne bir-iki gyzy tutýandyr. Sisera öz olja alan zatlaryndan dürli reňkli geýimler saýlaýandyr, nepis nagyşly geýimlerden meniň üçin saýlaýandyr“.
31Goý, seniň duşmanlaryň hemmesi şeýdip ýok bolsun, ýa Rebbim! Seni söýýänler bar güýji bilen şöhle saçýan Gün ýaly güýçli bolsun!». Şondan soň ýurt kyrk ýyllap parahat ýaşady.