Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
35 verses
1Soňra efraýymlar Gedegona: «Sen näme üçin beýle etdiň, näme üçin midýanlar bilen söweşmäge gideniňde bizi çagyrmadyň?» diýdiler. Olar Gedegony gaty ýazgardylar.
2Gedegon olara: «Siziň bitiren işiňiziň ýanynda meniňki dagy näme? Efraýym Abygezeriň ýygnan üzüminden köp ýygyp, özüni bagtly hasaplamanmydy näme?
3Hudaý Midýan baştutanlary Orep bilen Zeýebi siziň eliňize berdi. Men siziňkiçe iş bitirip bildimmi?» diýdi. Bu sözleri eşidip, efraýymlaryň gahary köşeşdi.
4Gedegon näçe ýadasa-da, duşmanyň yzyndan kowalamagy dowam edip, öz üç ýüz adamy bilen Iordan derýasyndan geçdi.
5Ol Sukodyň ilatyna: «Meniň yzymdan gelýän adamlaryma çörek beriň, olar gaty ýadaw. Men midýan baştutanlary Zebah bilen Selmunany yzarlap barýaryn» diýdi.
6Emma Sukotyň ýolbaşçylary: «Seniň goşunyňa näme üçin çörek bereli? Zebahy we Selmunany siz ele saldyňyzmy näme?!» diýdiler.
7Gedegon: «Bolýar, Reb Zebahy we Selmunany meniň elime berenden soň, şu bolşuňyz üçin sizi çöl agajynyň tikenleri bilen hem-de böwürslen çybyklary bilen teniňizi parçalaryn» diýdi.
8Gedegon bu ýerden çykyp, Penuwele gitdi we onuň ilatyna-da öňki aýdanlaryny gaýtalady, olar hem Sukodyň ilatynyň beren jogaby ýaly jogap berdiler.
9Ol Penuweliň ilatyna-da: «Ýeňiş bilen yzyma dolanyp gelenimde, şu diňiňizi ýykaryn» diýdi.
10Zebah bilen Selmuna Karkordady. Gündogaryň ilatyndan ýygnanan, tutuş goşundan diri galan on bäş müňe golaý esger hem onuň ýanyndady. Çünki olaryň ýüz ýigrimi müň söweşijileri bolsa öldürilipdi.
11Gedegon Nobah bilen Ýogbohanyň gündogaryndaky kerwen ýoly bilen baryp, olaryň garaşmadyk wagtynda duýdansyz olara zarba urdy.
12Midýanlaryň Zebah bilen Selmuna atly iki baştutany gaçdy, emma Gedegon olary kowalap tutdy. Bütin goşun aljyraňňylyga düşdi.
13Ýowaşyň ogly Gedegon Heres geçidiniň üsti bilen uruşdan gaýdyp geldi.
14Ol Sukotyň ilatyndan bir ýaş ýetginjegi tutdy-da, ony sorag etdi. Ol Sukot baştutanlarynyň we ýaşulularynyň ýetmiş ýedi sanysynyň adyny ýazyp berdi.
15Gedegon Sukodyň ilatynyň ýanyna gelip: «Siz: „Seniň ýadaw adamlaryňa çörek berer ýaly, Zebahy we Selmunany ele saldyňyzmy näme?“ diýip, meniň üstümden gülüpdiňiz. Ine, Zebah bilen Selmuna» diýdi.
16Olar Sukodyň ýaşulularyny we galanyň ilatyny çöl agajynyň tikenleri hem-de böwürslen çybyklary bilen jezalandyrdylar.
17Penuwel diňini ýykyp, galanyň ilatyny gyrgyna berdiler.
18Gedegon Zebah bilen Selmunadan: «Siziň Taburda öldürenleriňiz nähili adamlardy?» diýip sorady. Olar: «Seniň ýalydylar, şazada sypatlydylar» diýip jogap berdiler.
19Gedegon: «Olar meniň süýtdeş doganlarymdy. Rebden ant içýärin, eger siz olary öldürmedik bolsaňyz, men hem sizi öldürmezdim» diýdi.
20Ol özüniň ilkinji ogly Ýetere: «Tur, olary öldür!» diýdi. Ýetginjek gylyjyny çykarmady, sebäbi entek ýaş bolany üçin ol gorkýardy.
21Zebah bilen Selmuna Gedegona: «Tur-da, özüň bizi öldür, sebäbi erkek adamyň işini diňe erkek bitirip biler» diýdiler. Gedegon turup, Zebah bilen Selmunany öldürdi-de, olaryň düýesiniň boýnundaky ýarym aý şekilli şaý-seplerini aldy.
22Ysraýyllar Gedegona: «Seniň özüň, ogluň, agtygyň bize patyşa bolsun, çünki sen bizi midýanlaryň elinden halas etdiň» diýdiler.
23Gedegon olara: «Menem, meniň oglumam size patyşa bolmaz. Reb size patyşa bolar» diýdi.
24Gedegon olara: «Olja edip alan altyn gulak halkalaryňyzdan maňa heriňiz birini beriň» diýdi. (Duşmanda gulak halka köpdi, çünki olar Ysmaýyllardy).
25Olar: «Höwes bilen bereris!» diýip, ýere geýim düşäp, onuň üstüne adam başyna bir ysyrga taşladylar.
26Altyn-kümüş düwmelerden, midýan patyşalarynyň goýy gyrmyzy reňkli geýimlerinden hem-de olaryň düýeleriniň boýnuna dakylýan altyn halkalaryndan başga, onuň ýygnan diňe gulak halkalarynyň agramy takmynan bir batman boldy.
27Gedegon olardan efot ýasady we ony öz galasy bolan Oprada goýdy. Soňra ähli ysraýyllar ol ýere gatnap, oňa sežde etdiler. Bu Gedegona hem-de onuň öýündäkileriň ählisine gurlan duzakdy.
28Şeýlelikde, midýanlar ysraýyllara boýun egdiler hem-de şondan soň olara baş galdyrmadylar. Şeýdip, Gedegonyň döwründe ysraýyllar kyrk ýyllap parahat ýaşadylar.
29Ýowaşyň ogly Ýerubagal öz öýüne gidip, şol ýerde ýaşap başlady.
30Gedegon köp aýally bolansoň, onuň ýetmiş ogly bardy.
31Şekemde ýaşaýan gyrnagy hem oňa bir ogul dogrup berdi. Onuň ady Abymelekdi.
32Gedegon gojalyk ýaşyna ýetip öldi, ony abygezer urugynyň Opra galasynda, öz atasy Ýowaşyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.
33Gedegon ölensoň, ysraýyllar Bagal butlaryna gatnadylar we azgynlyk edip, haram işlere baş goşdular; Bagalberiti özleriniň hudaýy saýyp başladylar.
34Ysraýyllar daş-töweregindäki ähli duşmanlaryň elinden halas eden özleriniň Hudaýy Rebbi ýatlamadylar.
35Şeýle hem, Ysraýyla we özlerine eden ähli haýyrly işleri üçin Ýerubagalyň (ýagny Gedegonyň) öýüne wepaly bolmadylar.