Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
22 verses
1Wah, öň adamdan doly şäher, indi ýalňyz boşap galdy! Milletler arasynda beýik bolan indi dul hatyna meňzäp galdy! Öň welaýatlaryň melikesi bolan, indi gyrnaga öwrüldi! ב
2Gijesine zar-zar aglaýar, ýaňaklarynda gözýaşy. Oýnaşlaryndan köşeşdirýän ýok ony. Ähli dostlary haýynlyk edip, oňa duşman boldular. ג
3Ýahuda köp hasrat we agyr zähmet çekdi, indi bolsa ýesir edip äkidildi. Ol milletler arasynda ýaşaýar. Ol hiç bir dynçlyk tapman, betbagtlyga uçranynda, kowguçylarynyň eline düşdi. ד
4Siýona barýan ýollar ýas baglaýar, çünki baýramçylygyna gelýän ýok. Ähli derwezeleri çolaryp galan, ruhanylary ahy-nala çekýär. Gaýgy-hasrat çekýär ýaş gyzlary, özi hem gam-gussa batýar. ה
5Ýagylary hökümdar bolýar, duşmanlary rowaçlanýar. Ýazygynyň agyrdygy üçin Reb bu hasraty çekdirdi Siýona. Duşmanynyň öňüne salnyp, çagalary sürgün edildi onuň. ו
6Siýon gyzynyň ähli şan-şöhraty gaçdy. Ýolbaşçylary öri tapmaýan keýik kimindi, kowguçylardan gaçmaga mejallary ýokdy. ז
7Hasratly hem sergezdanlyk gününde Iýerusalim öňki günlerdäki eýe bolan baýlygyny ýatlaýar. Halky duşmanyň eline düşende, hiç kim oňa kömek etmedi. Ol ýer bilen ýegsan bolanda, duşmany üstünden güldi. ח
8Iýerusalim agyr günä etdi, şeýdip, ol gülki boldy. Öňki sylaýanlar ýalaňaçlygyny görüp, indi ony ýigrenýärler. Munuň üçin onuň özi ah çekip, hemmelerden ýüzüni gizleýär. ט
9Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi, gelejegi hakda pikir etmedi. Onuň ýykylyşy aýylgançdy, oňa teselli berýän ýokdy. «Ýa Reb, agyr halyma nazar sal, çünki duşman üstün çykdy!». י
10Duşman onuň iň gymmatly zatlaryna el urdy, milletlere ybadathana girmegi gadagan etseň-de, Iýerusalim olaryň girýändiklerini gördi. כ
11Bir döwüm çörek gözläp, bütin halky ah çekýär; täzeden güýje girmek üçin, hazynalaryny iýmite berýär. «Ýa Reb, ine, halyma seret, men nähili dereksiz boldum. ל
12Eý, ötegçiler, siziň üçin bu hiç zatmy? Ine, halymy görüň, heý-de, meniň başymdan inen gam-gussa ýaly gam-gussa barmy? Reb gazapdan dolup lowlan güni bu hasraty çekdirdi maňa. מ
13Ýokardan ot iberip, süňklerimi köýdürdi; aýagyma duzak gurup, meni arkan agdardy; meni weýran edip, bütin gün tapdan düşürdi. נ
14Günälerim boýuntyrygyma baglandy, Rebbiň Öz eli bilen işilip, meniň boýnumdan asyldy, Ol güýjümi tüketdi; Taňry meni garşy durup bilmedik duşmanlarymyň eline berdi. ס
15Terk etdi Taňrym ähli urşujylarymy, goşun çagyrdy gyrmak üçin ýigitlerimi. Taňry Ýahuda boý gyzyny üzüm sykýan dek sykyp ýençdi. ע
16Men bular üçin aglaýaryn, gözýaşlarym sil bolup akýar. Janyma aram berýän ýok, teselli beriji menden uzakda. Çagalarym derbi-dagyn edildi, çünki duşman üstün çykdy». פ
17Siýon elini uzadýar, emma oňa teselli berýän ýok. Ýakuba duşman boluň diýip, Reb emr etdi goňşy halklara. Iýerusalim olaryň arasynda murdar zada öwrüldi. צ
18Reb adyldyr, men bolsa buýrugyna garşy çykdym, emma siz, eý, bütin halklar, gulak goýuň, meniň çekýän derdimi görüň; sürgün edildi ýaş gyzdyr ýigitlerim. ק
19Oýnaşlarymy çagyrdym, emma olar meni aldawa saldylar. Ruhanylarym we ýaşulularym täzeden güýje girmek üçin özlerine iýmit gözleýärkäler, şäherde heläk boldular. ר
20Seret, ýa Reb, nähili ejir çekýän, içim ýanýar, ýüregim çat açýar, çünki Saňa garşy baş galdyrdym. Daşarda gylyç gyrýar, içerde ölüm höküm sürýär. ש
21Olar ahy-nalamy eşitdiler, emma maňa teselli berýän ýok. Jebrimi ähli duşmanlarym eşitdi, Seniň muny edeniňe şatlandylar. Yglan eden günüňi getir, olar-da meniň ýaly bolsunlar. ת
22Ähli pislikleri Saňa aýan bolsun; tutuş ýazyklarym sebäpli maňa näme eden bolsaň, olara hem şony etgin. Ahy-nalam köpdür, ýüregim tapdan düşendir.