Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
65 verses
1Hudaýyň gazap taýagyndan hasrat çeken adam men. א
2Ol meni idip, yşyksyz tüm garaňkylyga getirdi. א
3Ol bütin gün gaýta-gaýta garşyma elini galdyrdy. ב
4Etimi, hamymy çüýretdi, süňklerimi döwüp taşlady. ב
5Üstüme çozup, daşymy gabady, başyma hasrat hem dert saldy. ב
6Bireýýäm ölenler kimin meni garaňkylykda ýaşatdy. ג
7Gaçmaz ýaly daşyma diwar aýlady, boýnuma agyr zynjyrlar saldy. ג
8Perýat edip, kömege çagyranymda, Ol dilegime gulak salmady. ג
9Ýonma daşlar bilen ýolumy ýapdy, ýodalarymy egreltdi. ד
10Hudaý meni peýleýän aýydyr, bukuda ýatan arslandyr. ד
11Ýolumdan azaşdyryp parçalady, halys sandan çykardy. ד
12Ol ýaýyny çekdi, meni okuna nyşan edindi. ה
13Sagdagyndaky oklary atyp, bagrymy deşdi. ה
14Men ähli halkyma gülki boldum, günuzyn olaryň aýdymy boldum. ה
15Ol meni hasratdan doýrup, ýowşanyň ajy suwuny içirdi. ו
16Çagyl bilen dişlerimi owratdy, kül içinde depip, dyza çökdürdi. ו
17Meniň janym rahatlygy unutdy, şatlygyň nämedigi ýatdan çykdy. ו
18Özüme diýdim: «Jandan el üzdüm, Rebbe bolan ähli umydym öçdi». ז
19Hasratymdyr sergezdanlygym hakda oýlansam, ajy ýowşan bilen zäher-zakgun içen ýalydyr! ז
20Janym muny dyngysyz ýatlaýar, şonuň üçin ýüregim paralanýar. ז
21Emma şuny ýatda saklaýan, şonda ýene-de umyt döreýär: ח
22Rebbiň wepaly söýgüsi tükenmezdir, çünki Onuň rehimdarlygy bakydyr. ח
23Her säher bular täzelenýär, Seniň wepadarlygyň beýikdir! ח
24Janym diýýär: «Reb meniň paýymdyr. Şoňa görä Oňa intizardyryn». ט
25Reb Özüne bil baglaýanlara, Özüni ýürekden agtarýanlara gowudyr. ט
26Rebbiň halas edişine ümsüm garaşmak gowudyr. ט
27Adama boýuntyrygy ýaşlykdan götermek gowudyr. י
28Ynsan dymyp, ýalňyz otursyn, çünki boýuntyrygy dakan Rebdir. י
29Ýere ýüzin ýykylsyn, belki, umyt bardyr. י
30Özüni urana ýaňagyny tutsun, masgaralanmakdan doly bolsun. כ
31Çünki Taňry hiç wagt ömürlik terk etmez. כ
32Ol birine hasrat çekdirse-de, bol merhemetine görä rehim-de eder. כ
33Hasrat berip, gaýga batyrsa-da, bulary Ol ýürekden etmez. ל
34Ýurduň ähli ýesirleri aýak astynda depelenende, ל
35Beýik Hudaýyň huzurynda ynsan hukuklary kemsidilende, ל
36dawada birine adalatsyzlyk edilen wagty, Taňry olary görýän dälmidir? מ
37Bulary Taňrynyň Özi buýurmasa, kim buýruk berip ýerine ýetirderdi? מ
38Ýagşylyk hem, ýamanlyk hem Beýik Hudaýyň agzyndan çykmaýarmy? מ
39Öz günäleri üçin jezasyn alsa, diri galan adam näme üçin zeýrensin? נ
40Geliň, ýollarymyzy synap göreliň, täzeden Rebbe gaýdyp baralyň. נ
41Geliň, gökdäki Hudaýa elimizi-de, ýüregimizi-de açalyň. נ
42Biz günä edip baş galdyrdyk, Sen bizi bagyşlamadyň. ס
43Kowaladyň bizi gazap bilen, rehimsizlik bilen öldürdiň. ס
44Özüňi buluda bürediň, dilegler eşidilmesin diýip. ס
45Bizi milletler arasynda syr-süplüge, zir-zibile öwürdiň. פ
46Ähli duşmanlarymyz bizi ýaňsyladylar. פ
47Üstümize howp we hile, harabaçylyk we weýrançylyk abandy. פ
48Eziz halkymyň heläkçiliginden ýaňa gözýaşlarym sil bolup akýar. ע
49–50 Reb gökden aşak nazar salýança, gözýaşlarym hiç tükenmez, asla kepemez. ע
51Şäherimdäki gyzlaryň halyna ýüregim gyýym-gyýymdyr. צ
52Maňa nähak duşman bolanlar meni guş kimin awlap tutdular. צ
53Diriligime çukura taşlap, üstümden daş okladylar. צ
54Suwlar depämden aşdy, «Men heläk boldum» diýdim. ק
55Çukuryň düýbünden Seni çagyrdym, ýa Reb. ק
56«Gulagyňy dykma, perýadyma gulak goý» diýen sözlerimi eşitdiň. ק
57Seni çagyranymda, ýanyma gelip: «Gorkma!» diýdiň. ר
58Eý, Taňry, janymy gutaran Sensiň, ömrümi halas eden Sensiň. ר
59Ýa Reb, maňa edilen adalatsyzlygy gördüň, meniň hakymy alyp ber. ר
60Menden nähili öç alyşlaryny gördüň, garşyma guran dildüwşüklerini bildiň. ש
61Ýa Reb, olaryň masgaralaýşyny eşitdiň, garşyma guran dildüwşüklerini gördüň. ש
62Duşmanlarymyň bütin gün meniň garşyma edýän hyşy-wyşylaryny we hüňürdilerini eşitdiň. ש
63Ertirden agşama çenli men olaryň ýaňsy aýdymy boldum. ת
64Olaryň elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekdir, ýa Reb! ת
65Ýüreklerine howsala sal. Goý, näletiň olaryň üstünden insin! ת
66Gazap bilen kowalap, gökleriň astyndan olary ýok et, ýa Reb!