Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
42 verses
1Reb Musa hem-de Haruna şeýle diýdi:
2«Ysraýyl halkyna aýdyň, gury ýerde ýaşaýan jandarlaryň arasyndan siziň iýip biljekleriňiz şulardyr: goşatoýnakly, gäwüşeýän islendik haýwany.
4Emma gäwüş gaýtarýan haýwanlardan ýa-da goşatoýnakly haýwanlardan düýäni, sakartorsugy we towşany iýmeli dälsiňiz, çünki olar gäwüş gaýtarýarlar, emma olar goşatoýnakly däldirler, bular siziň üçin haramdyr.
7Goşatoýnaklydygyna garamazdan, doňuz hem siziň üçin haramdyr, çünki ol gäwüş gaýtarmaýar.
8Şu ýokarda agzalan haýwanlaryň etini iýmäň, olaryň maslygyna galtaşmaň, olar siziň üçin haramdyrlar.
9Suwda ýaşaýan ähli jandarlardan şulary iýip bilersiňiz: Akar suwda ýa-da deňizdedigine garamazdan, ähli ýüzgüçli hem teňňeli jandarlary iýip bilersiňiz.
10Suwda ýaşaýan islendik ýüzgüçsiz we teňňesiz süýrenijiler we deňizdäki beýleki kiçi jandarlaryň ählisi siziň üçin nejisdir.
11Bu jandarlar ysraýyl halky üçin nejisligine galsyn. Olaryň etini iýmäň, olaryň maslygyna galtaşmaň.
12Suwda ýaşaýan ýüzgüçsiz we teňňesiz jandarlaryň bary siziň üçin nejisdir.
13Guşlardan şu aşakdakylar siziň üçin nejisdir. Bürgüt, garaguş we derýa bürgüdi;
14çaýçaňňalak, laçynyň ähli görnüşleri;
15garganyň ähli görnüşleri;
16düýeguş, hüwi, çarlak, gyrgynyň ähli görnüşleri;
17baýguş, jüptün, uly baýguş,
18ak baýguş, gotan we dazzarkel;
19leglek, hokgaryň ähli görnüşleri, hüýpüýpik we ýarganat;
20Dört aýakly, ganatly mör-möjekleriň hemmesi siziň üçin nejisdir.
21Ýöne dört aýakly ganatly mör-möjeklerden, ýerde böker ýaly aýagy bogunlylaryny iýip bilersiňiz.
22Olardan çekirtge görnüşlileri, çöl çekirtge görnüşlileri, jyzlan görnüşlileri, ýaşyl çekirtge görnüşlileri iýip bilersiňiz.
23Emma galan dört aýakly, ganatly mör-möjekleriň bary siziň üçin nejisdir.
24Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.
25Kimde-kim bularyň maslygynyň islendik bölegini göterse, ol eşiklerini ýuwsun we agşama çenli haram saýylsyn.
26Toýnakly bolup, emma toýnagy ýaryk bolmadyk ýa-da gäwüş gaýtarmaýan her bir haýwan, siziň üçin haramdyr.
27Dört aýakly jandarlaryň arasynda penjesini ýere urup ýöreýänleriniň bary siziň üçin haramdyr. Kimde-kim bu haýwanlaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.
28Olaryň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun, ol agşama çenli haram saýylsyn. Çünki bu haýwanlar siziň üçin haramdyr.
29Guryýer süýrenijilerden şular: ýalman, syçan, görnüşine görä uly suwulgan, hažžyk, zemzen, suwulgan, çäge suwulgany we hameleon siziň üçin haramdyr.
31Süýrenip ýöreýän jandarlardan şular size haramdyr. Kimde-kim olaryň maslygyna galtaşsa, ol agşama çenli haram saýylsyn.
32Bularyň biriniň maslygy bir zadyň üstüne gaçsa, şol zat haram bolar. Ol islendik ulanylýan zat, agaç gap bolsun, eginbaş bolsun, deri bolsun, halta bolsun, parhy ýok, olar suwa sokulyp çykarylmalydyr we ol agşama çenli haram saýylmalydyr. Şondan soň ol halal bolar.
33Eger bu jandarlaryň biriniň maslygy islendik toýun gabyň içine düşse, onuň içindäki ähli zat haraplanar we ol gaby döwüň.
34Islendik iýmit şular ýaly gapda ýuwulsa, ol iýmit haraplanar. Şular ýaly gapdan içilýän islendik içgiler-de haraplanar.
35Olaryň maslygynyň bir böleginiň üstüne gaçan islendik zat haraplanar. Tamdyrdygyna ýa-da ojakdygyna garamazdan, ol ýykylmalydyr. Olar harapdyr we siziň üçin hem harap bolmalydyr.
36Muňa garamazdan, çeşme ýa-da suw howdany halallygyna galar, emma bu jandarlaryň maslygyna galtaşan islendik adam we islendik zat haraplanar.
37Eger olaryň maslygynyň bir bölegi, ekilmek üçin aýry goýlan islendik tohumyň üstüne gaçsa, ol halallygyna galýandyr.
38Emma olaryň maslygynyň bir bölegi ezilen tohumyň içine gaçsa, onda tohum siziň üçin harapdyr.
39Eger halal jandarlaryň biri ölüp, onuň maslygyna galtaşan her kes, agşama çenli haram saýylsyn.
40Onuň etinden iýen adam, eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn; onuň maslygyny göteren adam eşiklerini ýuwsun we ol agşama çenli haram saýylsyn.
41Guryýer süýrenijileriň bary siziň üçin nejisdir. Olar iýilmeli däldir.
42Garnynda süýşüp ýöreýän jandarlary, dört aýakda süýrenip ýöreýän jandarlary ýa-da köp aýakly süýrenip ýöreýän jandarlary siz iýmeli dälsiňiz. Çünki olar siziň üçin nejisdirler.
43Süýrenip ýöreýän jandarlardan haýsydyr birini iýip, siz özüňizi haram etmäň.
44Men siziň Hudaýyňyz Rebdirin, şonuň üçin hem siz iniňizizi tämizläp, mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin. Guryýer süýrenijilerini iýip, siz özüňizi haram etmäň.
45Men Reb sizi Müsür topragyndan, siziň Hudaýyňyz bolmak üçin alyp geldim. Siz mukaddes bolmalysyňyz, çünki Men mukaddesdirin».
46Bu kanun haram bilen halaly, iýilýän jandar bilen iýilmeýän jandary biri-birinden tapawutlandyrmak üçin niýetlenendir. Şeýle hem ýerde ýaşaýan haýwanlar, guşlar, suwda ýaşaýan jandarlar, guryýer süýrenijileri hakyndaky kanundyr.