Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
37 verses
1Reb Musa şeýle diýdi:
2«Bütin ysraýyl halkyna şeýle diý: „Olar mukaddes bolsunlar, çünki Men – siziň Hudaýyňyz – Reb mukaddesdirin.
3Her biriňiz öz ene-ataňyzy sylaň, Sabat kanunlarymy ýerine ýetiriň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
4Guýma butlary we başga hili butlary ýasap, olara sežde etmäň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
5Rebbe salamatlyk gurbanlygyny hödür edeniňizde, gurbanlygyňyzyň kabul bolary ýaly ony kada laýyklykda beriň.
6Gurbanlyk malynyň eti hödür edilen güni ýa-da ertesi iýilsin. Üçünji güne galan et oda ýakylsyn.
7Eger et üçünji gün iýilse, ol haramdyr we siziň gurbanlygyňyz kabul bolmaz.
8Ol gurbanlykdan iýen öz jezasyny çeker, çünki ol Rebbe mukaddes zady harlandyr. Şol sebäpli bu adam öz halkyndan çetleşdirilsin.
9Ýeriňiziň hasylyny ýygnanyňyzda, atyzlaryňyzyň gyra çetlerindäkileri ormaň, hasylyňyzyň hoşasyny çöplemäň.
10Üzüm baglaryňyzyň miweleriniň baryny ýygmaň, ýere gaçan üzümleri ýygnaman, olary garyp-gasara, gelmişeklere goýuň. Men Reb siziň Hudaýyňyzdyryn.
11Ogrulyk, hilegärlik etmäň, bir-biriňizi aldamaň.
12Galp zat babatda Meniň adymdan ant içip, Hudaýyňyzyň adyna ysnat getirmäň. Men Reb siziň Hudaýyňyzdyryn.
13Ýoldaşyňyň hakyny iýme, ony talama. Günlükçiniň zähmet hakyny bir günem saklama.
14Kere sögme, körüň öňünde büdrär ýaly zat goýma. Hudaýyňdan gork. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
15Höküm çykaranyňda adalatsyzlyk etme. Garybyň tarapyny tutup, gurply adamdan-da gorkma.
16Öz halkyňyň arasynda ýalan gep gezdirme, ýoldaşyň adalatsyz höküm zerarly durmuşy howp astynda bolsa, şaýatkär onuň arkasynda dursun. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
17Ýüregiňde garyndaşyňy ýigrenme, günäsini onuň ýüzüne aýt, ýogsam senem günäkär bolarsyň.
18Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýoldaşyňy-da özüňi söýşüň ýaly söý. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
19Siz Meniň parzlarymy berjaý ediň. Mal-garalaryňy gapma-garşy jynsdan bolan mallar bilen çaknyşdyrma. Ekin meýdanyňda iki hili tohumy bile ekme we iki hili matadan tikilen eşik geýme.
20Eger bir adam başga birine adaglanan, yzyna satyn alynmadyk ýa-da azat edilmedik gyrnak bilen ýatsa, onda olaryň ikisine-de, jeza berilsin, ýöne öldürilmesin. Çünki bu gyrnak azat edilen däldir.
21Ol adam özi üçin Rebbe, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna ýazyk gurbanlygy hökmünde bir goç getirsin.
22Onsoň ruhany Rebbiň huzurynda bu ýazyk gurbanlyk goçy bilen, ony eden günäsinden saplasyn we Hudaý günäliniň eden günäsini geçer.
23Siz Kengan ýurduna gelip, iýmit üçin her hili miweli agaçlary oturdanyňyzda, ilkinji üç ýylyň miwelerinden iýmeklik gadagan edilsin, olary iýmäň.
24Dördünji ýyl bolsa, hemme miweler alkyş hökmünde Rebbe bagyş edilsin.
25Bäşinji ýyl welin, siz miweli agaçlaryň miwesinden iýip bilersiňiz, olar size bol miwe berer. Men Reb siziň Hudaýyňyzdyryn.
26Hiç bir eti gany bilen iýmäň. Siz pal atmaň, jadygöýlik etmäň.
27Saçyňyzyň gyralaryny gyrkyp, sakgalyňyzy timarlamaň.
28Merhum üçin bedeniňize tyg çekmäň, özüňizi tagmalamaň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
29Gyzlaryňyzy jelepçilige satyp, olary biabraý etmäň. Eger siz şeýle etseňiz, ýurt zynahorluga berlip, ol azgynlykdan dolar.
30Meniň Sabat kanunlarymy ýerine ýetirip, mukaddes öýüme hormat goýuň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
31Jadygöýlere we palçylara ýüz tutmaň. Olardan maslahat sorap, özüňizi haram etmäň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
32Uly ýaşulynyň öňünde dik duruň, garryny sylaň, Hudaýyňyzdan gorkuň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
33Ýurduňyzda öz araňyzda ýaşaýan gelmişeklere sütem etmäň.
34Araňyzda ýaşaýan gelmişekler siziň üçin ýurtdaşyňyz ýaly bolsun. Olary özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, çünki sizem Müsür ilinde gelmişek bolupdyňyz. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
35Siz uzynlyk ölçäniňizde, çekimde ýa-da sanagda hiç kimi aldamaň.
36Siz hak terezileri, hak ölçeg daşlaryny, hak ölçegleri ulanyň. Sizi Müsür ýurdundan çykaran Hudaýyňyz Reb – Mendirin.
37Siz Meniň ähli parzlarymy, ähli hökümlerimi saklap, olary berjaý ediň. Siziň Hudaýyňyz Reb – Mendirin“».