Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
38 verses
1Isa gabagyny galdyranda, baý adamlaryň öz peşgeşlerini ybadathananyň hazynasyna atyp duranyny gördi.
2Ol bir garyp dul hatynyň hem pul atanyny görüp,
3şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul hatyn hemmeden kän atdy.
4Çünki olaryň hemmesi Hudaýyň sandygyna özlerinden artany atdylar, bu hatyn bolsa garyplygyna garamazdan, bütin çörek puluny atdy».
5Şägirtleriniň käbiri ybadathananyň gymmatbaha daşlar hem peşgeşler bilen bezelgidigini aýdanlarynda, Isa:
6«Şeýlelikde, günler geler welin, şonda bu ýerde görýän zatlaryňyzdan daş üstünde daş galmaz, hemmesi dargar» diýdi.
7Ondan: «Mugallym! Bu zatlar haçan bolar? Bularyň boljak mahalynda näme alamat peýda bolar?» diýip soradylar.
8Ol şeýle jogap berdi: «Habardar boluň, sizi aldaýmasynlar! Çünki köpler Meniň adym bilen gelip, „Men ― Ol" we „Wagt golaýlady" diýerler. Olaryň yzyna düşmäň.
9Uruşlar hem gozgalaňlar barada habar eşideniňizde gorkmaň. Bu zatlar öňürti bolmalydyr, ýöne dünýäniň soňy tiz gelmez».
10Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar.
11Aýry-aýry ýerlerde güýçli ýer titremeler, açlyk hem gyrgynçylyk, gorkunç wakalar, Gökden uly alamatlar bolar.
12Ýöne bulardan öň, Meniň adym üçin size el urarlar, yzarlarlar, eltip sinagogalara, zyndanlara tabşyrarlar, patyşalaryň, hökümdarlaryň alnyna getirerler.
13Bu bolsa güwälik etmek üçin size bir pursat bolar.
14Munuň üçin berjek jogabyňyzy öňünden gaýgy etmezligi ýüregiňize düwüň.
15Çünki Men size dil hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.
16Size ene-ataňyz, doganlaryňyz, garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz hem haýynlyk ederler, käbiriňizi öldürerler.
17Meniň adym üçin hemmeler sizi ýigrener.
18Ýöne kelläňizden bir gyl hem kemelmez.
19Siz çydamak bilen, janyňyzy halas edersiňiz.
20Iýerusalimi goşunlaryň gurşanyny göreniňizde, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýdygyny biliň.
21Şonda Ýahudadakylar daglara gaçsyn, şäheriň içindäkiler çyksyn, töweregindäkiler şähere girmesin.
22Çünki şol günler ähli ýazylanlaryň berjaý bolmagy üçin jeza günleridir.
23Şol günlerde göwreli we çaga emdirýän aýallaryň gününe waý! Çünki ýurtda uly horluk bolup, bu halk gazaba sezewar bolar.
24Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, bütin milletleriň arasyna sürgün ediler. Olar möwritleri dolanýança, Iýerusalimi basgylar.
25Günde, Aýda we ýyldyzlarda alamatlar bolar. Ýer ýüzünde bolsa deňiz hem tolkunlaryň gürrüldisi zerarly, aljyraňňy ýagdaýdaky milletler galagopluga düşdüler.
26Adamlar gorkudan, dünýäniň başyna gelýän belalara garaşmakdan ýaňa huşlaryny gaçyrar, çünki gögüň gudratlary titrär.
27Şonda olar Ynsan Oglunyň bulut içinde gudrat hem uly şöhrat bilen gelýänini görerler.
28Bu zatlar bolmaga duranda, ýokaryk galyp başyňyzy galdyryň, çünki gutulyşyňyz golaýlap gelýändir».
29Isa olara bir tymsal aýtdy: «Injire, ähli agaçlara serediň.
30Olaryň ýapraklandyklaryny görüp, tomsuň golaýdygyny öz-özüňizden bilýärsiňiz.
31Şonuň ýaly hem bu zatlaryň bolanyny göreniňizde, Hudaýyň Patyşalygynyň golaýdygyny biliň.
32Size dogrusyny aýdýaryn: bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez.
33Gök hem ýer öter, ýöne Meniň sözlerim asla ötmez.
34Habardar boluň! Horanlyk, serhoşluk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ýük bolup, ol gün duýdansyzlykda üstüňize abanaýmasyn.
35Çünki ol gün bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisiniň üstüne duzak kimin geler.
36Bu boljak zatlaryň baryndan gaçyp biler ýaly, Ynsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýa bolup, doga ediň».
37Isa gündizleri ybadathanada sapak berip, gijelerini bolsa daşaryk çykyp, Zeýtun dagynda geçirerdi.
38Bütin halk Onuň aýdýanlaryny diňlejek bolup, ertir ir bilen ybadathana gelerdiler.