Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
25 verses
1Bu kitap Ybraýymyň ogly bolan Dawudyň ogly Isa Mesihiň nesil şejere kitabydyr.
2Ybraýym Yshagyň atasydy. Yshak Ýakubyň atasydy. Ýakup Iuda we onuň doganlarynyň atasydy.
3Iuda Tamaradan doglan Peresiň we Zerahyň atasydy. Peres Hesronyň atasydy. Hesron Ramyň atasydy.
4Ram Aminadabyň atasydy. Aminadap Nahşonyň atasydy. Nahşon Salmonyň atasydy.
5Salmon Rahawdan doglan Boazyň atasydy. Boaz Rutdan doglan Obediň atasydy. Obed Ýessäniň atasydy.
6Ýesse Dawut patyşanyň atasydy. Dawut Uriýanyň aýalyndan bolan Süleýmanyň atasydy.
7Süleýman Rehawamyň atasydy. Rehawam Abiýanyň atasydy. Abiýa Asanyň atasydy.
8Asa Ýehoşafatyň atasydy. Ýehoşafat Ýoramyň atasydy. Ýoram Uziýanyň atasydy.
9Uziýa Ýotamyň atasydy. Ýotam Ahazyň atasydy. Ahaz Hizkiýanyň atasydy.
10Hizkiýa Manaşäniň atasydy. Manaşe Amonyň atasydy. Amon Ýoşiýanyň atasydy.
11Ýoşiýa Babyl sürgüni wagtynda doglan Ýehoniýanyň we onuň doganlarynyň atasydy.
12Ýehoniýa Babyl sürgüninden soň doglan Şealtiýeliň atasydy. Şealtiýel Zerubabeliň atasydy.
13Zerubabel Abihudyň atasydy. Abihud Elýakimiň atasydy. Elýakim Azoryň atasydy.
14Azor Sadokyň atasydy. Sadok Ahimiň atasydy. Ahim Elihudyň atasydy.
15Elihud Eliýazaryň atasydy. Eliýazar Mattanyň atasydy. Mattan Ýakubyň atasydy.
16Ýakup Meremiň adamsy Ýusubyň atasydy. Meremden hem Mesih diýlen Isa doguldy.
17Şeýlelikde, Ybraýymdan Dawuda çenli bolan nesiller jemi on dört arkadyr. Dawutdan Babyl sürgünine çenli hem on dört, Babyl sürgüninden Mesihe çenli hem on dört arkadyr.
18Isa Mesihiň dogluşy şeýle boldy: Onuň ejesi Meremiň Ýusup bilen adaglyka, biri-birleri bilen ýassykdaş bolmazlaryndan öň, Mukaddes Ruhdan göwreli bolanlygy äşgär boldy.
19Onuň adamsy Ýusup bir dogry adam bolansoň, ony utanja goýmak islemän, ýaşyrynlyk bilen boşatmagy ýüregine düwdi.
20Emma ol bu zatlar hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Meremi özüňe aýallyga almakdan gorkma, çünki onuň göwresinde dörän zat Mukaddes Ruhdandyr.
21Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň, çünki Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi.
22Bularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly aýdan şu sözüniň ýerine ýetmegi üçin boldy:
23«Ine, bir gyz göwreli bolup, bir ogul dograr, Onuň adyna Emmanuýel dakarlar». Bu ― «Hudaý biziň bilendir» diýen manyny berýär.
24Ýusup ukudan oýananyndan soň, Rebbiň perişdesiniň tabşyryşy ýaly, aýalyny aldy.
25Aýaly ilkinji ogluny dogurýança, onuň ýanynda ýatmady, çaganyň adyna bolsa Isa dakdy.