Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
15 verses
1Ninewe şäheri hakyndaky pygamberlik; elkoşly Nahum özüne gelen aýanlygy ýazyp aldy. Rebbiň Ninewä garşy gahar-gazaby
2Reb gabanjaň we öç alýan Hudaýdyr, Ol ar alýandyr we gazapdan doludyr, Duşmanlaryndan öç alýandyr, Ýagylaryna garşy gazaplanýandyr.
3Reb giň göwünlidir we gudratlydyr, Ol ýazyklyny jezasyz goýmaz. Rebbiň ýoly tupanlydyr, gaýlydyr, Bulutlar Onuň aýak tozudyr.
4Ol buýrugy bilen deňizleri guradýar, Bütin derýalary takyradýar, Başan we Karmel daglary solýar, Liwanyň gülleri süllerýär.
5Rebbiň öňünde daglar titreýär, Baýyrlyklar ereýär, Ýer sarsýar, Dünýä ilaty bilen lerzana gelýär.
6Kim Onuň gaharyna garşy durup bilýär? Kim Onuň lowlaýan gazabyna çydam edýär? Rebbiň gazaby ot deýin inýär, Öňünde gaýalar kül-peýekun bolýar.
7Reb gowudyr, Betbagtlyk gününde halkyna penadyr; Ol Öz penasyndakylary goraýandyr.
8Emma Ol Ninewäni Daşgyn sil bilen ýok eder, Duşmanlaryny garaňkylyga kowalar.
9Rebbiň garşysyna näme dildüwşük gurasalar-da, Ol hemmesini ýok eder, Muşakgat ikilenç inmez.
10Duşmanlar tikenler deý biri-birlerine çyrmaşyp, Arakhorlar kimin serhoşdyrlar; Gury saman deýin ýakylyp taşlanarlar.
11Rebbe garşy ýamanlyk guraýan, Pisligi maslahat berýän Sizden çykdy, eý, nineweliler!
12Reb halkyna şeýle diýýär: «Aşurlar köp we güýçli bolsalar-da, Gyrlyp, ýok bolup giderler. Eý, Ýahuda, size ejir çekdirenem bolsam, Mundan artyk ejir çekdirmerin.
13Sizi Aşuryň boýuntyrygyndan azat ederin, Gandallaryňyzy kesip taşlaryn».
14Reb siz barada şeýle buýruk berýär: «Adyňyzy dowam etdirer ýaly, Sizden zürýat önmez. Hudaýlaryňyzyň buthanasyndaky oýma, Guýma butlary ýok ederin. Siziň gabryňyzy taýynlaryn, Çünki siz ýigrenjisiňiz».
15Ine, size hoş habar getirýän, Parahatçylygy jar edýän çapar Daglardan aşyp gelýär. Eý, ýahuda halky, baýramlaryňy belle, Beren wadalaryňy berjaý et, Indi pis millet üstüňize hüjüm etmez, Çünki olar bütinleý ýok edilerler.