Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
36 verses
1Reb Musa şeýle diýdi:
2«Özüňe döwme sap kümüşden iki sany surnaý ýasa. Olary jemagaty çagyrmak we düşelgeleri göçürmek üçin ulanarsyň.
3Iki surnaý deň çalnanda, bütin jemagat seniň ýanyňa, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine ýygnansyn.
4Eger surnaýlaryň biri çalynsa, onda ysraýyl ýolbaşçylary, ýagny tire baştutanlary seniň ýanyňa ýygnansynlar.
5Surnaý gysga-gysga çalynsa, gündogar tarapdaky düşelgeler ýola çyksyn.
6Surnaý ikinji gezek gysga çalynsa, onda günorta tarapdaky düşelgeler ýola düşsün. Düşelgäniň göçmelidigini aňladýan surnaý gysga çalynsyn.
7Emma jemagaty ýygnamak gerek bolanda, surnaý uzak çalynsyn, gysga çalynmasyn.
8Surnaýlary ruhany Harunyň ogullary çalsynlar. Bu siziň we geljekki nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun.
9Ýurduňyzda siziň üstüňize çozan duşmana garşy söweşe çykanyňyzda, surnaýlar bilen söweş sazyny çalyň. Şonda Hudaýyňyz Reb sizi ýatlar we duşmanlaryňyzdan halas eder.
10Şat günüňizde, bellemeli baýramlaryňyzda we her aýyň başynda, ýakma we salamatlyk gurbanlygyňyzyň başynda surnaýlary çalyň. Olar siziň Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda ýatlanmagyňyz üçin hyzmat eder. Men siziň Hudaýyňyz – Rebdirin».
11Ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky ikinji ýylyň ikinji aýynda, aýyň ýigrimisi güni mukaddes äht çadyrynyň depesinden bulut göterildi.
12Ysraýyllar göçmäge taýýarlanyp, Sinaý çölünden çykyp ugradylar. Bulut Paran çölüne gelip durdy.
13Olar ilkinji gezek Rebbiň Musa arkaly beren buýrugy bilen ýola düşdüler.
14Ýahudalaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ilkinji bolup ýola düşdi. Bu tutuş topara Amynadabyň ogly Nahşon baştutanlyk edýärdi.
15Ysakar tiresiniň toparyna Sugaryň ogly Netanel baştutanlyk edýärdi.
16Zebulun tiresiniň toparyna Helonyň ogly Eliýap baştutanlyk edýärdi.
17Onsoň mukaddes çadyr söküldi we ony göterýän gerşonlar bilen merarylar ýola düşdüler.
18Soňra rubenleriň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdi. Bu tutuş topara Şedeýuryň ogly Elisur baştutanlyk edýärdi.
19Şimgon tiresiniň toparyna Suryşadaýyň ogly Şelumyýel baştutanlyk edýärdi.
20Gat tiresiniň toparyna bolsa Deguwalyň ogly Elýasap baştutanlyk edýärdi.
21Soňra mukaddes zatlary göterýän kohatlar ýola düşdüler. Bular baryp ýetýänçä, gerşonlar we merarylar mukaddes çadyry dikerdiler.
22Soňra efraýymlaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdüler. Bu tutuş topara Ammyhudyň ogly Elişama baştutanlyk edýärdi.
23Manaşe tiresiniň toparyna Pedahsuryň ogly Gamlyýel baştutanlyk edýärdi.
24Benýamin tiresiniň toparyna bolsa Gidgonynyň ogly Abydan baştutanlyk edýärdi.
25Iň soňunda düşelgeleriň yzky goragy hökmünde danlaryň düşelgesi topar-topar bolup, öz tugy astynda ýola düşdi. Bu tutuş topara Amyşadaýyň ogly Ahygezer baştutanlyk edýärdi.
26Aşer tiresiniň toparyna Okranyň ogly Pagyýel baştutanlyk edýärdi.
27Naftaly tiresiniň toparyna bolsa Eýnanyň ogly Ahyra baştutanlyk edýärdi.
28Ysraýyllar göçenlerinde topar-topar bolup, şu tertipde giderdiler.
29Musa gaýynatasy midýanly Reguwalyň ogly Hobaba: «Biz Rebbiň „size berjek“ diýen ýerine tarap ýola düşýäris. Ýör, biziň bilen git, biz saňa ýagşylyk ederis. Çünki Reb Ysraýyla ýagşylyk etjekdigini wada berdi» diýdi.
30Emma Hobap oňa: «Ýok, men gitjek däl. Men öz ýurduma, garyndaşlarymyň ýanyna gitjek» diýdi.
31Musa oňa: «Bizi taşlap gitme! Çünki çölde düşlejek ýerlerimizi sen gowy bilýärsiň, bize ýolbeletçilik et.
32Eger biziň bilen gitseň, Rebbiň etjek ýagşylyklaryny biz hem saňa gaýtararys» diýdi.
33Onsoň ysraýyllar Rebbiň dagyndan gaýdyp, üç gün ýörediler. Olaryň düşlejek ýerini tapmak üçin, Rebbiň Äht sandygy hem ýoluň bütin dowamynda olaryň öňünden barýardy.
34Düşelgeden çykyp ugranlary bäri Rebbiň buludy gündiz olaryň üstündedi.
35Her sapar Äht sandygy ýola düşende, Musa şeýle diýerdi: «Galkyn, eý, Reb! Goý, duşmanlaryň dargasyn, Seni ýigrenýänler Seniň öňüňden gaçsyn».
36Äht sandygy saklananda bolsa ol şeýle diýerdi: «Eý, Reb, müňlerçe ysraýyl kowumlaryna sary öwrül!»