Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
31 verses
1Reb Musa şeýle diýdi:
2«Ysraýyllara şeýle buýruk ber, Maňa berýän sadakalaryny öz bellenen wagtynda hödür etsinler. Bular Meniň naharymdyr, Maňa ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyklardyr.
3Olara aýt, Maňa ot üsti bilen berjek gündelik ýakma gurbanlyklary şikessiz iki sany birýaşar erkek tokly bolsun.
4Toklularyň birini ir bilen, beýlekisini agşamara bersinler.
5Toklular bilen bile galla sadakasy üçin bir küýze sap zeýtun ýagy bilen garylan, bir batmanyň ondan birine barabar saýlama bugdaý ununy sadaka bersinler.
6Bu Sinaý dagynda buýrulan gündelik ýakma gurbanlygy bolup, Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlykdyr.
7Her tokly bilen bile içgi sadakasy hökmünde, Rebbe bir küýze şeraby hödür etsinler. Ony Reb üçin mukaddes ýerde hödür etsinler.
8Beýleki toklyny agşamara, galla we içgi sadakasy bilen birlikde, edil irdenki ýaly hödür ediň. Bu ot üsti bilen Rebbe berilýän ýakymly ysly gurbanlykdyr.
9Sabat güni şikessiz birýaşar erkek tokludan ikisini, zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan iki möçberindäki saýlama bugdaý ununy we içgi sadakasyny hödür etsinler.
10Gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we içgi sadakasynyň daşyndan, her Sabat güni berilýän ýakma gurbanlygy şudur.
11Her aýyň başynda iki öküzçäni, bir goçy, şikessiz ýedi sany birýaşar erkek toklyny ýakma gurbanlygy hökmünde Rebbe bagyş etsinler.
12Her öküz üçin galla sadakasy hökmünde zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan üç möçberindäki saýlama bugdaý ununy we goç üçin galla sadakasy hökmünde, zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan iki möçberindäki saýlama bugdaý ununy hödür etsinler.
13Her tokly üçin galla sadakasy hökmünde zeýtun ýagy garylan bir batmanyň ondan bir möçberindäki saýlama bugdaý ununy Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakymly ysly gurbanlyk hökmünde hödür etsinler.
14Her öküz üçin içgi sadakasy hökmünde iki küýze şeraby, goç üçin bir ýarym küýze şeraby, her tokly üçin bolsa, bir küýze şeraby hödür etsinler. Ýyl boýy her täze Aýda berilmeli ýakma gurbanlygy şudur.
15Gündelik berilýän ýakma gurbanlygy bilen içgi sadakasyndan başga-da, Rebbe günä gurbanlygy üçin bir teke hödür edilsin.
16Birinji aýyň on dördüne Rebbe Pesah gurbanlygyny bersinler.
17Bu aýyň on bäşi güni baýramdyr, ýedi günläp petir iýilsin.
18Baýramyň birinji güni mukaddes ýygnanyşyk geçirilsin, şol gün işlemäň.
19Rebbe ot üsti bilen berilýän ýakma gurbanlygy hökmünde iki öküzçäni, bir goçy we şikessiz birýaşar erkek tokludan ýedi sanysyny hödür etsinler.
20Olaryň galla sadakasy zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolsun. Her öküz üçin bir batmanyň ondan üç möçberindäki uny, goç üçin bolsa bir batmanyň ondan iki möçberindäki uny hödür etsinler.
21Ýedi toklynyň her biri üçin, bir batmanyň ondan bir möçberindäki uny hödür etsinler.
22Olar günälerinden saplanmak üçin, günä gurbanlygy hökmünde bir tekäni gurbanlyk etsinler.
23Bulary gündelik berilýän gurbanlyklara degişli bolup, irden berilýän ýakma gurbanlyklaryň daşyndan hödür etsinler.
24Şeýdip, olar her gün – ýedi günläp, ot üsti bilen Rebbe ýakymly ysly iýmit sadakasyny hödür etsinler. Bu gündelik berilýän ýakma gurbanlygydyr, ol içgi sadakasynyň daşyndan berilsin.
25Ýedinji gün bolsa mukaddes ýygnanyşyk geçirsinler we şol gün işlemesinler».
26Ilkinji hasyl baýramy güni, ýagny Gyzyl kerwen baýramynda täze bugdaýdan Rebbe galla sadakasyny hödür edeniňizde, mukaddes ýygnanyşyk geçiriň we şol gün işlemäň.
27Iki öküzçäni, bir goçy, ýedi sany birýaşar erkek toklyny Rebbe ýakymly ysly ýakma gurbanlygy hökmünde hödür ediň.
28Galla sadakaňyz zeýtun ýagy garylan saýlama bugdaý unundan bolup, her öküz üçin bir batmanyň ondan üç, goç üçin bir batmanyň ondan iki,
29ýedi toklynyň her biri üçin bir batmanyň ondan bir möçberindäki undan berilsin.
30Günäleriňizden saplanmak üçin, bir tekäni gurbanlyk beriň.
31Olary gündelik berilýän ýakma gurbanlygynyň we galla sadakasynyň daşyndan, ýanynyň içgi sadakasy bilen birlikde hödür ediň. Olar şikessiz bolmalydyrlar.