Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
28 verses
1Rahatlykdaky bir döwüm gury nan dawadan doly jaýdaky meýlisden gowudyr.
2Masgara ogluň üstünden paýhasly gul höküm sürer we doganlar hatarynda mirasa şärik bolar.
3Kümüş göweçde, altyn kürede synalýan bolsa, ýürekleri barlaýan Rebdir.
4Ýamanlyk edýän erbet dodaklara üns berýändir, ýalançy ýaman niýetli dile gulak asýandyr.
5Garyby ýaňsylaýan Ýaradany kemsidýändir, betbagtlyga şatlanýan bolsa jezasyz galmaz.
6Agtyklar garry adamlaryň täjidir, ogullaryň şan-şöhraty bolsa ene-atalarydyr.
7Dürdäne söz akmaga ýaraşmasa, aldawly söz hem asylzada hiç gelişmeýär.
8Para ony berýäniň gözüne bir tumar kimindir, ol nirä öwrülse, üstünlik getirer.
9Ýazygy geçýäni söýgi höweslendirýändir, dawa-jenjeli gaýtalaýan bolsa dostuny ýitirýär.
10Düşünjeli adama bir käýinç akmaga urlan ýüz kötekden agyrdyr.
11Ýamanlar diňe bulagaýlyk turuzýandyr, olara garşy bolsa zalym çapar gönderiler.
12Akmagyň akylsyzlygyna duş bolanyňdan, çagasyny aldyran aýa duş gelmek gowudyr.
13Ýagşylyga ýamanlyk gaýtarýanyň öýünden ýamanlyk gitmez.
14Dawa-jenjeliň başy böwsülen böwet ýalydyr, şonuň üçin ony tutaşmanka bes et.
15Ýaramazy aklaýan bilen dogruçyl adamy ýazgarýanyň ikisini-de Reb ýigrenýändir.
16Näme üçin akmagyň elinde danalyk almaga pul bolsun? Onda öwrenmek niýeti ýok.
17Ýakynyň seni hemme wagt söýýändir, dogan kynçylykly pursatyň üçin doglandyr.
18Düşünjesi kemlik edýän kemakyl ýakynynyň deregine el berip kepil bolýandyr.
19Ýazygy söýýän dawany söýýändir, kim bosagasyny belent gursa, süňküniň döwülmegine garaşýandyr.
20Egri ýürek ýagşylyk tapmaýar, egri dil bolsa, kynçylyga düşýär.
21Akmagyň atasy hasrat çeker, akylsyzyň atasy şatlygy bilmez.
22Şadyýan ýürek oňat şypadyr, synyk ruh süýegiňi guradýandyr.
23Adalat ýodalaryny ýoýmak üçin, ýaramaz adam gizlin para alýandyr.
24Düşünjeli adam danalyga seredýändir, akmagyň nazary ýeriň aňry çetine.
25Akmak ogul atasyna hasrat, dograna dertdir.
26Ýazyksyza jerime salmak nädürsdir, asylzada-da dogruçyllygy üçin jeza bermek dürs däldir.
27Sözüni jylawlaýan bilimlidir, düşünjeli adam bolsa mylaýym ruhludyr.
28Akmak hem dymanda akylly, agzyny ýumanda, düşünjeli saýylýandyr.