Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
28 verses
1Bular hem Süleýmanyň pähimleridir. Olary Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň emeldarlary göçürip alypdyrlar.
2Ýaşyryn iş Hudaýyň şöhratydyr, işi derňemek bolsa patyşanyň şöhratydyr.
3Asman belent, ýeriň aşagy çuň; patyşanyň ýüregi hem şeýledir, ony derňäp bolýan däldir.
4Kümüşden hapany aýyr, zergäre bir gap bolar.
5Ýaramaz adamy patyşanyň huzuryndan aýyr, şonda tagt dogruçyllyk bilen berkarar bolar.
6Patyşanyň huzurynda özüňi ýokary tutma, beýikleriň ornunda durma.
7Çünki asylzadalaryň öňünde kiçelmegiňden, emeldaryň saňa: «Töre geç» diýmegi gowudyr. Gözüň gören zadyny
8derrew kaza getirme. Soňra ýakynyň seni utandyranda näme edersiň?
9Dawany ýakynyň özi bilen et, başganyň syryny paş etme.
10Ýogsa eşiden adam seni uýada goýar, hemişe ýaman atly bolarsyň.
11Ýerinde aýdylan söz kümüş mejimäniň içinde goýlan altyn alma ýalydyr.
12Diňleýän gulaga akyldaryň käýinji tylla ysyrga we altyn bezeg ýalydyr.
13Sadyk ilçi özüni iberenler üçin, orak wagtynda garyň salkynlygy ýalydyr. Ol öz hojaýynynyň nepesini janlandyrar.
14Berilmedik sowgat bilen öwünýän adam ýagmyrsyz bulut we boş ýel ýalydyr.
15Hökümdar sabyr bilen yrylýandyr, mylaýym söz iň kütegiň hem aňyna ýetýändir.
16Bal tapdyňmy? Ýeterlik iý, aşa düşüp gusaýma.
17Ýakynyň öýüne ýygy-ýygy barmakdan aýagyňy kes, senden irip, seni ýigrenäýmesin.
18Ýakynyna garşy ýalan şaýatlyk edýän adam gürzüdir, gylyçdyr, ýiti okdur.
19Aladaly günde wepasyz adama ynanmak, çüýrük dişe we maýyp aýaga ynanan ýalydyr.
20Gamly ýürege aýdym aýtmak sowuk howada geýim çykarmak we ýara sirke guýmak ýalydyr.
21Eger duşmanyň aç bolsa, oňa nan ber, suwsan bolsa suw ber.
22Şonda onuň başyna köz goýarsyň, Reb seni sylaglar.
23Demirgazyk ýeli ýagyş getirýändir, gybatkeş dil ýüzleri gaharly edýändir.
24Igenjeň aýal bilen öýde ýaşandan, üçegiň bir burçunda ýaşamak gowudyr.
25Uzak ýurtdan gelen hoş habar teşne bokurdaga sowuk suw ýalydyr.
26Ýaramazlaryň öňünde ýan beren dogruçyl adam bulandyrylan çeşme, hapalanan bulak mysalydyr.
27Baly köp iýmek ýagşy däldir, şöhratparazlykdan şöhrat gözlemek gowy däldir.
28Özüne buýrup bilmeýän kişi diwardyr galasy ýykylan şäher kimindir.