Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
13 verses
1Ýüregim sarsmaz, eý, Hudaý, sarsmaz meniň ýüregim: men nagmalar aýdyp, mukam çalaryn.
2Oýan sen, eý, meniň ýüregim. Oýanyň, arfa hem kinor! Men daňy oýararyn nagmalar bilen.
3Ýa Reb, halklar arasynda Saňa şükür ederin, milletler arasynda Saňa nagma aýdaryn.
4Çünki Seniň söýgiň göklere ýetýär, wepalylygyň bulutlara direýär.
5Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel, tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!
6Öz söýýänleriňiň gutulyp bileri ýaly, goluň bilen halas et, maňa jogap ber.
7Wada berdi Hudaý Öz mukaddes öýünden: «Uly şatlyk bilen Men Şekemi bölerin hem-de Sukot deresini ölçärin.
8Gilgat Meniňki, Manaşe Meniňki, Efraýym – tuwulgam, Ýahuda – patyşalyk hasam.
9Mowap – ýuwunmak üçin legenim, Edomyň üstüne zyňaryn Men çarygymy. Pilişt topragynda ýeňiş dabarasy bilen gygyraryn Men».
10Berk gala kim meni elter? Meni Edoma kim alyp gider?
11Eý, Hudaý, Sen bizi ret etdiň, Eý, Hudaý goşunlarymyz bilen gitjek dälmi Sen?
12Duşmanlarymyzy ýeňmäge bize kömek et, sebäbi ynsan kömegi biderek zatdyr.
13Hudaý arkaly ýeňiş gazanarys, duşmanlarymyzy depelejek Oldur.