Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
7 verses
1Hudaý rebbime şeýle sözledi: «Duşmanlaryňy aýagyňyň astyna serýänçäm, Meniň sagymda otur».
2Reb Siýondan uzadar şalyk hasaňy, duşmanlaryňa ýöret sen öz hökümiňi.
3Söweş günüňde gerçekleriň mukaddes şöhrata beslenip, meýletin bolar, ýaşlygyň säher çygy deý dolanyp geler.
4Reb ant içdi, Ol ondan dänmez: «Mäliksadygyň derejesindäki müdimilik ruhanysyň sen».
5Taňry seniň tarapdaryňdyr: Ol gazaba münen gününde şalary kül-peýekun eder.
6Reb milletlere höküm çykarar, olaryň ýurduny läşlerinden doldurar. Ol tutuş ýeriň ýüzünde baştutanlary kül-peýekun eder.
7Sen bolsa ýoldaky çeşmeden içersiň, şoňa görä, sen başyňy belent tutarsyň.