Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
9 verses
1Maňa «Rebbiň öýüne gideli» diýenlerinde begendim.
2Eý, Iýerusalim! derwezeleriňden ätledi gadamlarymyz!
3Iýerusalim bitewi bir şäher dek bina edilen.
4Ysraýyla berlen kanuna görä, tireler, Reb tireleri ol ýere Rebbe şükürler etmäge gidýär.
5Ol ýerde kazylyk tagty – Dawut öýüniň tagty bina edilen.
6«Seni söýýänler aman ýaşasyn! Diwarlaryňyň içinde parahatçylyk bolsun, gala diňlerinde howpsuzlyk bolsun!» diýip,
7Iýerusalimiň parahatlygy üçin doga-dilegler ediň.
8Doganlarym bilen ýakynlarymyň hatyrasyna, «Sende rahatlyk bolsun!» diýýärin.
9Hudaýymyň Rebbiň öýüniň hatyrasyna seniň amanlygyň üçin doga edýärin.