Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
16 verses
1Ýa Reb, ýatla Dawudy hem-de onuň çeken jepalaryny,
2onuň Rebbe wada berşini, Ýakubyň Gudratly Hudaýyna äht edişini:
3[3–5] «Reb üçin bir ýer, Ýakubyň Gudratly Hudaýyna mesgen tapýançam, öýüme girmerin, düşegime geçip ýatmaryn, gözlerime uky bermerin, gabaklarymy ymyzgandyrmaryn».
6Ine, Efratda Äht sandygy barada eşitdik, Ýegarym topragynda biz ony tapdyk.
7Ýörüň, Onuň mesgenine gideliň, Onuň aýagyna ýykylyp, sežde edeliň.
8Galk, ýa Reb, gir Sen dynçlyk mekanyňa Öz güýjüňiň nyşany äht sandygy bilen.
9Ruhanylaryň dogrulyk lybasyna beslensin, sadyklaryň, goý, şatlanyp, nagmalar aýtsyn.
10Bendäň Dawudyň hatyrasyna, Öz seçip saýlanyňdan Sen ýüz öwürme.
11Reb Dawut bilen ygtybarly äht baglaşdy, Ol eden ähtinden dänmez: «Seniň zürýatlaryňdan birini oturdaryn seniň tagtyňda.
12Eger zürýatlaryň berjaý etse ähtimi hem-de olara öwreden düzgünlerimi, olaryň zürýatlary hem seniň tagtyňda oturarlar ebedi».
13Çünki Reb Siýony seçip saýlady, ony Özüne mesgen etmek isledi:
14«Bu Meniň baky dynçlyk mekanym, ony küýsedim: şu ýerde mesgen tutaryn.
15Men onuň azygyny bolelin bereketlärin, onuň mätäçlerini nandan doýraryn.
16Ruhanylaryny gutulyş lybasyna beslärin, onuň sadyklary şatlanyp, nagmalar aýdar.
17Men ol ýerde Dawudyň kuwwatyny ösdürjek, Öz saýlanymyň şamçyragyna elmydama nur berjek.
18Onuň duşmanlaryny ryswalyga bürärin, emma onuň depesindäki täç ýalkymyn saçar».