Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
8 verses
1Ýa Reb, tüýs ýürekden Saňa şükür ederin, ylahy barlyklar öňünde Saňa nagma aýdaryn.
2Mukaddes ybadathanaňyň öňünde sežde ederin, Saňa söýgiň, wepadarlygyň üçin şükür ederin. Çünki Sen Öz adyňy hem-de sözüňi ähli zatdan beýgeltdiň.
3Çagyran günümde Sen jogap berdiň, janymy güýç bilen kuwwatlandyrdyň.
4Ýa Reb, Saňa şükür edýärler ýer ýüzüniň ähli şalary, çünki eşitdiler agzyňdan çykan sözleri.
5Olar Rebbiň ýollary barada nagma aýdarlar, çünki Rebbiň şöhraty beýik.
6Reb beýik bolsa hem, pespällere nazaryn salýar, emma tekepbirleri uzak ýerden saýgarýar.
7Muşakgat içinde gezsem-de, meni aman saklaýaň, duşmanlaryma garşy Öz eliňi uzadýaň. Seniň goluň meni halas eýleýär.
8Reb meniň arymy alar; ýa Reb, Seniň söýgiň ebedi galar, Öz elleriňiň işini Sen terk eýleme.