Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
7 verses
1Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Akmaklar ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýär. Olar azýar we ýigrenji işleri edýär; ýagşylyk edýän ýok.
2Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip, Reb göklerden adamzada nazar aýlaýar.
3Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar, bary deň derejede haram boldular; ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de.
4Eýsem düşünmeýärmi ähli betkärler? Olar halkymy çörek ýaly iýýärler hem-de Rebbi çagyrmaýarlar.
5Olar şol ýerde dowla düşerler, çünki Hudaý dogrularyň tarapdarydyr.
6Siz äsgermeýärsiňiz garybyň niýetlerini, ýöne welin Rebdir onuň penasy.
7Wah, gelsedi Siýondan Ysraýyl ýeňşi! Reb dikeldende halkyň öňki abadanlygyny, Ýakup nesli begener, Ysraýyl hem şatlanar.