Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
13 verses
1Ýa Reb, ýamanlardan meni halas et, zalym adamlardan meni penala.
2Olar betniýetleri ýüregine düwýär, olar dyngysyz uruş turuzýar.
3Olar ýylan ýaly dillerini ýiteldýär, agyzlarynda ýylan zäheri bar.
4Ýa Reb, meni erbediň elinden sakla hem-de zalym adamdan gora. Olar aýagyma badak atmak isleýär.
5Tekepbirler maňa gizlin duzak goýdular, torlarynyň ýüplerini ýazyp goýdular, ýoluň gyrasynda meniň üçin gapan gurdular. Sela
6Rebbe diýdim: «Meniň Hudaýym Sensiň, ýa Reb, dady-perýadymy�� sesini eşit.
7Eý, Hökmürowan Reb, güýçli Halasgärimsiň söweş güni başymy Sen gorandyrsyň.
8Ýa Reb, erbet adamy myradyna ýetirme, onuň betniýetleri berjaý bolmasyn, ol beýgelmesin!» Sela
9Meni gabanlaryň agzyndan çykan gargyşlar, goý, olaryň öz başlaryndan insin.
10Olaryň üstüne köýdüriji közler dökülsin, goý, olar oda, çuň gorpa düşsün, goý, olar asla çykyp bilmesin.
11Töhmetçiler ýurtda, goý, ornaşmasyn, betbagtlyk zalym adamy, goý, aw edinsin.
12Bilýärin: Reb ezilenleriň işine garar, mätäçlere adalatly karar çykarar.
13Dogrular Seniň adyňa şükür ederler, dogry ynsanlar huzuryňda mesgen tutarlar.