Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
11 verses
1Ýazygy bagyşlanan, günäsi örtülen adam nähili bagtly!
2Reb tarapyndan etmişi hasaba alynmaýan, ruhunda hile ýok adam nähili bagtly!
3Men dymyp, uzakly gün zar-zar aglanymda, gurap galdy meniň süňklerim.
4Çünki gije-gündiz eliň üstüme agramyn saldy, tomus yssysynda ýaly ysgynym gaçdy. Sela
5Saňa äşgär etdim men öz günämi hem-de gizlemedim etmişlerimi. Diýdim: «Reb ýanynda boýun aljak ýazyklarymy». Sen hem bagyşladyň günämiň ýazygyny. Sela
6Munuň üçin sadyklaryň her biri günäsini aňlan wagty Saňa etsin dogany. Şonda, muňa ýokdur hiç şübhe: oňa ýetmez köp suwlaryň joşmagy.
7Sensiň meniň gizlenýän ýerim; goraýarsyň meni howp-hatarlardan; Sen meni halas eýlediň, ýüregime şatlyk nagmasyn goýduň. Sela
8«Men saňa öwüt bererin, ýöremeli ýoluňy salgy bererin; maslahat bererin, sende bolar Meniň nazarym.
9Düşünjesiz at ýa gatyr dek bolma: bilmeýärler olar gitjek ýoluny agyzzyryk bilen uýan bolmasa».
10Köp bolýandyr erbet adamyň gaýgysy, emma Rebbe bil baglaýanlary gurşap alýar Onuň wepaly söýgüsi.
11Eý, dogry adamlar, Rebde begeniň hem-de şatlanyň! Eý, ýüregi dogrular, hemmäňiz heşelle kakyň!