Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
14 verses
1Reb beýikdir, Hudaýymyzyň şäherinde, Onuň mukaddes dagynda Ol aşa şöhratlandyrylmaga mynasypdyr.
2Belent, gözel Siýon dagy tutuş ýer ýüzüniň şatlygydyr; Siýon dagy Beýik Şanyň şäheri, ol Sapon dagynyň çür başy ýalydyr.
3Hudaý onuň galasynda Özüni berkitme hökmünde tanadýar.
4Ine, patyşalar agyz birikdirdiler, bilelikde ol ýerlerden geçdiler.
5Olar ony görenlerinde haýran galdylar, dowla düşüp, gaçyp gitdiler.
6Şol ýerde sandyrama tutdy olary, dogurýan aýalyň burgusy ýaly.
7Gündogar ýeliň Tarşyş gämilerini çym-pytrak edişi ýaly, Sen derbi-dagyn etdiň olary.
8Biz şäheriň şöhratyny eşitdik, indi bolsa ony – Hökmürowan Rebbiň bu şäherini özümiz gördük. Ol ony ebedi berkarar eder. Sela
9Eý, Hudaý, ybadathanaňda oýlanýarys wepaly söýgiň barada.
10Eý, Hudaý, Seniň adyň deý, alkyşyň-da ýeriň dört künjüne ýetýär. Seniň eliň adalatdan doludyr.
11Goý, Siýon dagy begensin. Seniň adalatly hökümleriň hatyrasyna, Ýahudanyň gyzlary, goý, şat bolsun.
12Siýonyň daşynda gezip, ony aýlanyň, onuň diňlerini siz sanap çykyň.
13Onuň içki berkitmelerine üns beriň, geljek nesle aýtmak üçin, onuň köşklerine aýlanyp çykyň.
14Çünki bu Hudaý şunuň ýalydyr, Ol ebedi we baky Hudaýymyzdyr; ölýänçäk bize ýol görkezjek Oldur.