Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
17 verses
1Gökden bir uly alamat göründi. Bu Güni geýnen bir aýaldy. Onuň aýaklarynyň aşagynda Aý, başynda on iki ýyldyzdan ybarat täç bardy.
2Aýal göwrelidi. Dogurjak bolup, burgusy tutup gygyrýardy.
3Gökden başga bir alamat göründi. Bu bolsa ýedi başly, on şahly, başlarynda ýedi täji bolan gyzyl reňkli uly aždarhady.
4Ol Gökdäki ýyldyzlaryň üçden birini guýrugy bilen süýräp, ýer ýüzüne zyňdy. Onsoň çaga dogan badyna ony ýuwutmak üçin, çaga dogurjak bolup oturan aýalyň öňünde durdy.
5Aýal bir ogul ― bütin milletleri demir taýak bilen bakjak bir oglan dogurdy. Onuň çagasyny alyp, Hudaýyň ýanyna, Hudaýyň tagtyna eltdiler.
6Aýal çöle gaçyp gitdi. Ol ýerde müň iki ýüz altmyş günläp iýmitlener ýaly, Hudaý tarapyndan onuň üçin taýýarlanan bir ýer bardy.
7Gökde uruş turdy. Mikaýyl we onuň perişdeleri aždarha bilen uruşdylar. Aždarha-da öz perişdeleri bilen gaýtawul berdi.
8Ýöne ýeňmäge güýji ýetmän, Gökdäki ýerlerini elden berdiler.
9Iblis ýa şeýtan diýip atlandyrylan uly aždarha, bütin dünýäni azdyrýan köne ýylan perişdeleri bilen ýer ýüzüne zyňyldy.
10Onsoň men Gökden bir batly ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Hudaýymyzyň halas edişi, güýji, patyşalygy we Onuň Mesihiniň gudraty indi amala aşdy. Çünki doganlarymyzyň aýyplaýjysy, olary Hudaýymyzyň öňünde gije-gündiz aýyplaýan aşak zyňyldy.
11Doganlarymyz Guzynyň ganynyň saýasynda, eden güwälikleriniň sözüniň saýasynda ony ýeňdiler, ölüm derejesine çenli jan söýgüsinden el çekdiler.
12Eý Gök we Gökde ýaşaýanlar, munuň üçin begeniň! Ýer we deňiz, waý, siziň halyňyza! Çünki iblis wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazaba münüp, siziň üstüňize geldi».
13Aždarha özüniň ýer ýüzüne zyňlandygyny görende, ýaňky oglan dogran aýaly kowalamaga başlady.
14Aýala, ýylanyň öňünden çöle ― üç ýarym ýyl iýmitlenjek ýerine uçup gaçar ýaly, uly bürgüdiň iki ganaty berildi.
15Ýylan aýaly sile äkitdirjek bolup, agzyndan onuň yzyndan derýa ýaly suw akdyrdy.
16Emma Ýer agzyny açyp, aždarhanyň agzyndan akdyran derýasyny ýuwdup, aýala kömek etdi.
17Onsoň aždarha aýala gaharlandy. Aýalyň neslinden galan we Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa şaýatlyk edýänler bilen uruşmaga gitdi.