Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
8 verses
1Men Gökde başga bir uly hem geň alamat gördüm: bu soňky ýedi belany getirýän ýedi perişdedi. Hudaýyň gazaby bu belalar bilen soňlanýardy.
2Ot bilen garyşyk, çüýşeden ýasalan deňiz ýaly bir zat gördüm. Janawary, onuň suratyndaky buty, onuň adynyň sanyny ýeňenler Hudaýyň beren arfalaryny ellerine alyp, çüýşeden deňziň üstünde durdular.
3Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdyp, şeýle diýýärdiler: «Güýji her zada ýetýän Reb Hudaý, Seniň işleriň uly hem geňdir. Eý, milletler patyşasy, Seniň ýollaryň dogry hem hakdyr!
4Ýa Reb, Senden gorkman, adyňy Şöhratlandyrmajak kimdir? Çünki mukaddes diňe Sensiň! Bütin milletler gelip, Seniň öňüňde sežde eder. Çünki Seniň adyl işleriň aýan boldy».
5Mundan soň Gökdäki ybadathananyň, ýagny güwälik çadyrynyň açylanyny gördüm.
6Ýedi belany getirýän ýedi perişde tämiz, parlak keteni geýnip, gursaklaryna altyn guşak baglap, ybadathanadan çykdylar.
7Janly dört mahlugyň biri ýedi perişdä ebedilik ýaşaýan Hudaýyň gazabyndan doly ýedi altyn käse berdi.
8Ybadathana Hudaýyň şöhratynyň, gudratynyň tüssesinden doldy. Ýedi perişdäniň ýedi belasy gutarýança, hiç kim ybadathana girip bilmedi.