Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
17 verses
1Ýedi käseli ýedi perişdäniň biri gelip, meniň bilen gepleşip, şeýle diýdi: «Gel, men saňa köp suwlaryň ýüzünde oturan uly kemçiniň jezasyny görkezeýin.
2Ýer ýüzüniň patyşalary onuň bilen zyna etdi, ýer ýüzünde ýaşaýanlar onuň zyna şerabyndan serhoş boldy».
3Onsoň perişde meni Ruhda çöle äkitdi. Men ol ýerde ýedi başly, on şahly, endamy küpür atlaryndan doly gyzyl janawaryň üstünde oturan bir aýaly gördüm.
4Aýal goňur hem gyrmyzy eşikler geýnip, altyn, gymmatbaha daşlar, dürler bilen bezenipdi. Elinde bolsa ýigrenji zatlardan, zyna çirkinden doly altyn käse bardy.
5Onuň maňlaýynda «Beýik Babyl, dünýä kemçinleriniň we ýigrenjileriniň enesi» diýen syrly at ýazylgydy.
6Onsoň aýalyň mukaddesleriň, Isa güwälik edenleriň ganyndan serhoş bolanyny gördüm. Muny görüp, gaty geňirgendim.
7Perişde maňa şeýle diýdi: «Nämä geňirgendiň? Aýalyň, ony göterýän ýedi başly, on şahly janawaryň syryny men saňa aýdaýyn.
8Gören aýalyň dünýä patyşalaryna patyşalyk eden uly şäherdir!»
9Bu ýerde düşünmek üçin akyldarlyk gerek. Ýedi baş aýalyň üstünde oturan ýedi dagydyr. Olar hem patyşalardyr.
10Bularyň bäşisi ýykyldy, indi biri bar, ol biri entek gelenok. Gelende az wagt galmalydyr.
11Bir wagtlar bar bolup, indi ýok janawar bolsa sekizinjidir. Ol ýedilerden bolup, indi heläk bolmaga barýar.
12Seniň gören on şahyň entek patyşalyga ýetmedik on patyşadyr. Olara janawar bilen bile bir sagat patyşalyk etmäge ygtyýar berler.
13Bularyň maksady bir bolar, güýçlerini hem ygtyýarlaryny janawara bererler.
14Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy rebleriň Rebbi, patyşalaryň Patyşasydyr. Onuň ýanyndakylar çagyrylan, saýlanan we sadyk galanlardyr».
15Ýene perişde maňa şeýle diýdi: «Şu gören suwlaryň, ýagny kemçiniň oturan suwlary halklar, märekeler, milletler hem dillerdir.
16Gören janawaryň we on şah kemçini ýigrenip, daşyny çolardyp, ony ýalaňaçlar. Onuň etini iýip, özüni-de otlar.
17Çünki Hudaý Öz maksadyny amala aşyrma islegini olaryň ýüregine guýdy. Şeýdip, Hudaýyň sözleri amala aşýança, özleriniň patyşalyk ygtyýaryny janawara bermekde pikirdeş bolarlar.