Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
20 verses
1Şondan soň Gökden uly bir märekäniň sesine meňzeş batly sesler eşitdim. Olar şeýle diýýärdiler: «Haleluýa! Halas ediş, şöhrat, güýç Hudaýymyzyňkydyr!
2Çünki Onuň hökümleri dogry we adyldyr. Ol ýer ýüzüni zynasy bilen azdyran uly kemçini höküm etdi, gullarynyň ganyny ondan aldy».
3Ikinji gezek şeýle diýdiler: «Haleluýa! Kemçiniň tüssesi ebedilik tütär».
4Ýigrimi dört ýaşuly we janly dört mahluk ýere ýykylyp, «Omyn! Haleluýa!» diýip, tagt üstünde oturan Hudaýa sežde etdiler.
5Onsoň tagtdan çykan bir ses şeýle diýdi: «Eý, Hudaýymyzyň ähli bendeleri! Kiçiler we ulular, Ondan gorkýanlar, Oňa alkyş okaň!»
6Onsoň men bir uly märekäniň sesine, uly suwuň şaggyldysyna, gaty Gök gürrüldisine meňzeş sesler eşitdim. Olar şeýle diýýärdiler: «Haleluýa! Çünki her zada güýji ýetýän Reb Hudaýymyz höküm sürýär.
7Begeneliň, şatlanalyň! Ony şöhratlandyralyň! Guzynyň toýy başlanýar. Onuň gelni taýýarlandy.
8Geýsin diýip, oňa parlak, tämiz we nepis keteni berildi». Nepis keteni mukaddesleriň adyl işleridir.
9Perişde maňa: «Muny ýaz: Guzynyň toý aşyna çagyrylanlar bagtlydyr!» diýdi. Maňa ýene: «Bular çyn sözlerdir, Hudaýyň sözleridir» diýdi.
10Men oňa sežde etjek bolup aýaklaryna ýykyldym. Emma ol maňa şeýle diýdi: «Beýle zat edäýme! Men seniň we Isa güwälik edýän doganlaryň ýoldaşydyryn, Hudaýa sežde et! Çünki Isa güwälik pygamberlik ruhudyr».
11Gögüň açylyp, öňümde bir ak atyň duranyny gördüm. Onuň üstünde oturanyň ady Dogruçyl we Çyndyr. Ol adalatly höküm çykaryp söweşýändir.
12Gözleri oduň ýalny ýalydyr. Başynda birtopar täç bolup, bularyň üstünde ýazylgy adyny Özünden başga hiç kim bilýän däldir.
13Ol gana batyrylan geýim geýnendir, Oňa «Hudaýyň Sözi» diýen at dakylandyr.
14Ak, tämiz we nepis keteni geýnen Gökdäki goşunlar ak atlara münüp, Onuň yzyndan gelýärdi.
15Milletleri urmak üçin, Onuň agzyndan kesgir gylyç çykýar. Onuň Özi olary demir taýak bilen bakar, her zada güýji ýetýän Hudaýyň otly gazabynyň şerabyny öndürýän üzüm gysajyny Özi gysar.
16Onuň geýiminde we budunda «patyşalaryň Patyşasy, rebleriň Rebbi» diýip ýazylan ady bardyr. 17-
18Onsoň Günde duran bir perişde gördüm. Ol batly ses bilen gygyryp, gögüň ortasynda uçup ýören guşlara şeýle diýdi: «Patyşalaryň, serkerdeleriň, güýçli adamlaryň etini, atlaryň, olaryň üstündäkileriň etini, azatlaryň, gullaryň, kiçileriň, ulularyň hemmesiniň etini iýmek üçin üýşüp, Hudaýyň uly zyýapatyna geliň!»
19Men janawary, dünýä patyşalaryny we olaryň goşunlaryny gördüm. Olar atyň üstünde Oturan we Onuň goşunlary bilen söweşjek bolup ýygnanyşan ekenler.
20Janawar hem-de onuň öňünde alamatlar döredip, janawaryň tagmasyny alyp-da, onuň butuna sežde edenleri bu alamatlar bilen aldaýan ýalan pygamber tutuldy. Olaryň ikisi-de kükürt bilen ýanan ot kölüne zyňyldy.
21Galanlar atyň üstünde Oturanyň agzyndan çykan gylyç bilen öldürildiler. Bütin guşlar, ine, bularyň etinden doýdy.