Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
14 verses
1Käşgä enemiň göwsünden emen agam deý bolsadyň maňa! Daşarda duşanymda, öperdim seni, hiç kim meni ýazgarmazdy.
2Öňüňe düşüp, enemiň öýüne getirerdim seni, öwüt bererdiň sen maňa. Hoşboý ysly şerapdan, enarlarymyň suwundan içirerdim saňa.
3Sol eli kellämiň astynda, Gujaklaýar meni sag eli bilen.
4Eý, Iýerusalim gyzlary, size ýalbarýaryn: özi isleýänçä yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň! Gyzyň boýdaşlary
5Ýaryna söýenip, çölden çykyp gelýän kim? Alma agajynyň astynda oýardym seni. Eneň şol ýerde dünýä inderdi seni, ol şol ýerde agyry çekip, dogurdy seni.
6Ýüregiňde, goluňda sakla meni möhür deý; çünki yşk ölüm deý güýçli, gabanjaňlyk gabyr deý ýowuz. Yşkyň ýalny otly ýalyndyr, lowlaýan ýalyndyr ol.
7Yşky ne bol suwlar söndürer, ne-de derýalar ony gark edip biler. Ynsan yşk üçin bary-ýoguny berse-de, ol ýigrenç bilen ret edilerdi.
8Kiçi uýam bar, mämeleri heniz tözlenmedik, uýamyza söz aýdylan güni onuň üçin näme ederis?
9Diwar bolan bolsady ol, üstünde kümüş diňler gurardyk, gapy bolan bolsady, ony kedr agajyna gaplardyk.
10Men bir diwar, göwüslerim-de diňler deý. Şoňa görä ýarymyň gözüne kämil görünýän men.
11Süleýmanyň Bagalhamonda üzüm bagy bardy, ony sakçylara tabşyrdy ol; hersi hasyl üçin müň kümüş teňňe bermelidi.
12Meniň-de üzüm bagym özümiňkidir; eý, Süleýman, müň teňňe seniňki bolsun, iki ýüz kümüş hasylyň sakçylarynyňky bolsun!
13Eý, baglarda mesgen tutan! Ýoldaşlarym owazyňy diňleýärler; men-de owazyňy eşideýin.
14Ylga, eý, ýarym! Bark urýan daglaryň üstünde jeren deý, keýik owlagy deý bolgun.