Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
14 verses
1Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Ysraýyl hakyndaky sözüdir. Gögi ýaýan, ýeri esaslandyran we ynsan ruhuny ýaradan Reb şeýle diýýär:
2«Men Iýerusalimi daş-töweregindäki halklar üçin başyňy aýlaýan şeraply bir käse ederin. Iýerusalim gabawa düşende, bu käseden Ýahuda-da içer.
3Şol gün Men Iýerusalimi ähli halklar üçin agyr daş ederin. Ony göterenleriň ählisi özlerine zeper ýetirer. Ýer ýüzüniň ähli halklary birleşip, Iýerusalimiň garşysyna çykarlar.
4Şol gün Men atlaryň baryny guduzladaryn, üstündäkileri bolsa dälirederin. Beýleki halklaryň atlarynyň gözlerini kör ederin, emma Ýahuda neslini Öz nazarymda saklaryn. Muny Reb diýýär.
5Şonda Ýahuda baştutanlary öz-özlerine: „Özleriniň Hudaýy Hökmürowan Rebde kuwwatlanan Iýerusalimiň halky biziň gujur-gaýratymyzdyr“ diýerler.
6Şol gün Men ýahuda baştutanlaryny oduň ortasynda ýanýan bir maňňal ýaly, bugdaý dessesiniň içinde alawlap ýanýan çyra ýaly ederin. Olar sag-solundaky halklaryň ählisini ýakyp-ýandyrarlar. Iýerusalim ýene-de özüniň öňki ýerinde oturar».
7Dawudyň nesilleriniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň şöhraty Ýahudadan öňe geçmez ýaly, Reb ilki ýahuda halkyna ýeňiş berer.
8Reb şol gün Iýerusalimiň halkyny gorar. Olaryň iň ejizi Dawut ýaly bolar. Dawudyň nesli Hudaý ýaly, öňe çykan Rebbiň perişdesi ýaly bolar.
9«Şol gün Men Iýerusalimiň garşysyna çykýan halklaryň ählisini derbi-dagyn etmäge girişerin.
10Men Dawudyň nesliniň hem-de Iýerusalimiň halkynyň üstüne merhemet we ýalbaryş ruhuny dökerin. Olar özleriniň deşim-deşim edenine, ýagny Maňa serederler, ýalňyz ogly üçin ýas tutýan ýaly ýas tutarlar, nowbahar ogly üçin ahy-nala çekýän ýaly ajy gözýaş dökerler.
11Şol gün Iýerusalimde tutuljak ýas Megido düzlügindäki Hadatrimmonda tutulan ýas ýaly agyr bolar.
12Ýurtda her kowumyň maşgalasy özbaşdak, aýallary aýry, erkekleri aýry ýas tutar: Dawudyň kowumynyň erkekleri aýry, aýallary aýry; Natanyň kowumynyň erkekleri aýry, aýallary aýry;
13Lewiniň kowumynyň erkekleri aýry, aýallary aýry; Şimginiň kowumynyň erkekleri aýry, aýallary aýry;
14şeýle hem ähli galan kowumlaryň erkekleri aýry, aýallary aýry ýas tutar».