Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
13 verses
1Soňra men seredip durkam, eli ölçeg ýüpli bir adamy gördüm.
2Men ondan: «Nirä barýarsyň?» diýip soradym. Ol maňa: «Iýerusalimi ölçäp, onuň giňliginiň hem-de uzynlygynyň näçedigini bilmäge barýaryn» diýip jogap berdi.
3Meniň bilen gepleşen perişde menden daşlaşanda, başga bir perişde ony garşylamaga çykdy.
4Ol: «Bar, ylga-da şol ýigide aýt: Ol ýerde ýerleşjek san-sajaksyz adamlardyr mal-garadan ýaňa Iýerusalim diwarsyz bir şäher bolar.
5Men onuň daşynyň otly diwary, içiniň şöhraty bolaryn. Muny Reb diýýär» diýdi.
6Reb şeýle diýýär: «Haýdaň, haýdaň! Demirgazyk ýurdundan gaçyň. Çünki Men sizi gögüň dört tarapyna öwüsýän ýel kimin dargatdym, muny Men – Reb aýdýandyryn.
7Haýda, Babylda ýaşaýan Siýon, gaç!».
8Çünki Hökmürowan Reb meni Öz şöhraty üçin iberdi. Sizi talan halklar babatda Ol şeýle diýýär: «Siýona degen hut Meniň görejime degýändir.
9Indi Men olaryň garşysyna el göterjek; olary öz gullary talaňa salar». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.
10«Aýdym aýt, şatlan, eý, Siýon gyz! Men gelip, siziň araňyzda mekan tutjak. Muny Reb diýýär.
11Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.
12Reb mukaddes toprakda Öz paýy hökmünde Ýahudany mülk edip alar we ýene Iýerusalimi saýlar.
13Ähli janly-jandarlar, Rebbiň öňünde ümsüm boluň; Ol turup, mukaddes mekanyndan çykyp gelýär.