Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
24 verses
1Mukaddesler üçin kömek ýygnama hakda, siz hem Galatýa ýygnaklaryna tabşyryşym ýaly ediň.
2Men baranymda, ýygnama zerurlygy bolmaz ýaly, siziň her biriňiz hepdäniň birinji güni öz ýagdaýyna görä, bir mukdar pul süýşürip, ýanynda saklasyn.
3Baranymda bolsa mynasyp gören adamlaryňyzy siziň gatanjyňyzy Iýerusalime gowşurar ýaly, hatlar bilen ýollaryn.
4Meniň gitmegim hem ýaraşykly bolsa, onda olar meniň bilen gider.
5Makedoniýadan geçenimden soň, siziň ýanyňyza-da bararyn, sebäbi men Makedoniýadan geçmekçi.
6Meni gitjek ýerime ugratmagyňyz üçin, belki, siziň ýanyňyzda bir mütdet galaryn ýa gyşy-da geçirerin.
7Çünki sizi häzir ýol ugrunda göresim gelenok. Reb rugsat etse, birnäçe wagtlap ýanyňyzda bolaýsam diýen umydym bar.
8Men Hasyl baýramyna çenli Efesosda bolaryn.
9Çünki maňa uly, iş bitiriji bir gapy açyldy, garşy çykýanlar hem köp.
10Timoteos baranda, ýanyňyzda gorkusyz bolar ýaly, göz-gulak boluň, sebäbi ol hem meniň ýaly Rebbiň işini edýär.
11Ony hiç kim äsgermezlik etmesin. Meniň ýanyma geler ýaly, ony sag-salamat ýola salyň. Çünki men oňa doganlar bilen bilelikde garaşýaryn.
12Dogan Apollos hakda aýdanymda bolsa, men doganlar bilen bilelikde siziň ýanyňyza gitmegini ondan köp haýyş etdim, emma onuň şu wagt gelmäge meýli ýok; amatly pursat tapanda geler.
13Hüşgär boluň, imanda berk duruň, mert boluň, gujurly boluň!
14Edýän ähli zadyňyz söýgi bilen bolsun.
15Doganlar, sizden şuny haýyş edýärin, siz Stefanyň içersini tanaýansyňyz, olaryň Ahaýada ilkinji mesihilerdigini we mukaddesleriň gullugyna berlendiklerini bilýänsiňiz.
16Siz hem şeýle adamlara, olar bilen işläp, zähmet çekýänleriň hemmesine baş egiň.
17Men Stefanyň, Fortunatusyň we Ahaýakusyň gelenine begenýärin, sebäbi olar maňa siziň ýoklugyňyzy bildirmeýärler.
18Çünki olar meniň ruhuma-da siziňkä berişleri ýaly ynjalyk berdi. Şeýle adamlaryň gadyryny biliň.
19Aziýanyň ýygnaklary size salam aýdýar. Akila we Priskilla öýlerindäki ýygnak bilen birlikde size Rebde köp salam aýdýar.
20Doganlaryň bary size salam aýdýarlar. Biri-biriňize mukaddes ogşuk bilen salam aýdyň.
21Men Pawlus öz salamymy öz elim bilen ýazýaryn.
22Reb Isa Mesihi söýmeýäne lagnat bolsun. Eý Rebbimiz, gel!
23Reb Isa Mesihiň merhemeti siziň bilen bolsun!
24Meniň söýgim Mesih Isada siziň ähliňiz bilen bolsun! Omyn.