Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
58 verses
1Eý doganlar, size Hoş Habary ýatladýaryn. Men ony size wagyz etdim, siz hem ony unap, oňa bagly galdyňyz.
2Size wagyz eden sözümi tutsaňyz, eden imanyňyz biderek bolmaz, ol arkaly gutularsyňyz.
3Çünki men alanymy öňürti size tabşyrdym. Mesih Ýazgylara görä, biziň günälerimiz üçin öldi.
4Jaýlandy we Ýazgylara görä, ölenden üç günden soň direldi.
5Onsoň Kifasa, soň-da Onkilere göründi.
6Ondan soň bäş ýüzden köp dogana birden göründi. Bu doganlaryň köpüsi häzir hem diri, käbirleri bolsa öldi.
7Ondan soň Ýakuba, soň hem bütin resullara göründi.
8Iň soňunda hem biwagt doglan çaga ýaly bolan maňa göründi.
9Çünki men resullaryň iň kiçisi, resul adyny almaga hem mynasyp däldirin, sebäbi men Hudaýyň ýygnagyna azar berdim.
10Ýöne näme bolsam, Hudaýyň merhemeti arkaly boldum, Onuň maňa görkezen merhemeti biderek bolman, olaryň hemmesinden köp zähmet çekdim. Muny men däl-de, meniň bilen bolan Hudaýyň merhemeti etdi.
11Indi men bolaýyn, olar bolsun, biz şeýle wagyz edýäris, siz hem şeýle iman getirdiňiz.
12Mesih direldi diýip wagyz edilýän bolsa, onda siziň araňyzdan käbirleri näme üçin ölüler direlmez diýýär?
13Ölüler direlmeýän bolsa, onda Mesih hem direlen däldir.
14Mesih direlmedik bolsa, onda biziň wagyz etmegimiz biderek, siziň hem imanyňyz biderekdir.
15Şeýlelikde, biz Hudaý hakda ýalançy şaýatlar bolarys, çünki biz Hudaý Mesihi direltdi diýip güwä geçdik. Eger ölüler direlmeýän bolsa, Ony-da direlden däldir.
16Çünki ölüler direlmeýän bolsa, Mesih hem direlen däldir.
17Mesih direlmedik bolsa, onda siziň imanyňyz hem puç bolup, siz entek öz günäleriňiziň içindesiňiz.
18Şeýle hem Mesihde imanly bolup ölenler-de heläk bolandyr.
19Biz diňe bu ýaşaýyşda Mesihe umyt baglan bolsak, onda bütin ynsanlaryň iň bagtygarasydyrys.
20Emma Mesih ölüleriň ilkinji miwesi bolup ölümden direldi.
21Çünki ölümiň ynsan arkaly gelşi ýaly, ölüleriň direlişi-de ynsan arkaly geldi.
22Çünki Adam ata bagly bolup, hemmäniň ölşi ýaly, Mesihe bagly bolup hem hemmeler ýaşaýşa ýeter.
23Ýöne her kes öz nobatyna görä: ilkinji miwe bolan Mesih, Ol gelensoň hem Mesihiňkiler.
24Soňra Ol her hili baştutanlygy, her hili häkimiýeti hem gudraty ýok edip, Patyşalygy Ata Hudaýa tabşyranda, ahyrzaman bolar.
25Çünki Ol bütin duşmanlaryny aýak astyna salýança höküm sürmelidir.
26Ýogaldyljak soňky duşman bolsa ölümdir.
27Çünki hemme zady Onuň aýaklarynyň astyna tabyn edendir. Ýöne ähli zat Oňa tabyn edildi diýlende, her zady Oňa tabyn etdiren Hudaýyň aýratynlyk gazanýanlygy äşgärdir.
28Emma ähli zat Oňa tabyn bolanda, Ogluň özi hem, Hudaý hem ähli zatda höküm sürer ýaly, Oňa ähli zady tabyn etdirene tabyn bolar.
29Ýogsa, ölüler üçin çokundyrylanlar näme eder? Ölüler asla direlmeýän bolsa, onda nämä olar üçin çokundyrylýarlar?
30Nämä biz häli-şindi howp astyna girýäris?
31Eý doganlar, siz barada Rebbimiz Mesih Isada bolan magtanjyma kasam, men her gün ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýaryn.
32Eger bir adam ýaly oýlanyp, Efesosda ýabany haýwanlar bilen uruş eden bolsam, maňa näme peýdasy bar? Ölüler direlmeýän bolsa, onda iýeliň, içeliň, çünki ertir öleris.
33Aldanmaň! Ýaman ýaranlar ýagşy ahlagy bozýandyr.
34Dogrulyk bilen hüşgär boluň, günä etmäň, çünki siziň käbirleriňiz Hudaýy tanamaýar. Men muny siziň utanmagyňyz üçin aýdýaryn.
35Emma biriniň: «Ölüler nähili direler? Haýsy ten bilen geler?» diýmegi mümkindir.
36Eý akmak! Seniň ekýän zadyň ölmese, ýaşaýşa gowuşmaz.
37Sen ekeňde gögermeli bütin ösümligi däl-de, diňe tohumyny, bugdaý ýa başga bir ösümligiň tohumyny ekýärsiň.
38Ýöne Hudaý oňa Öz isleýşi ýaly, bir ten, her tohumyň öz tenini berýär.
39Hemme et bir et däldir, ynsan eti başga, haýwan eti başga, guşlaryň eti başga, balyklaryň eti bir başgadyr.
40Asmana degişli tenler hem dünewi tenler bardyr, ýöne asmana degişlileriň şöhraty başga, dünewileriňki başgadyr.
41Günüň şöhraty başga, Aýyň şöhraty başga we ýyldyzlaryň şöhraty başgadyr, çünki şöhratda ýyldyz hem ýyldyzdan parhlydyr.
42Ölüleriň direlmegi-de şeýledir. Ten çüýremede ekilip, çüýremezlikde galýandyr;
43harlykda ekilip, şöhratda galýandyr, ejizlikde ekilip, kuwwatda galýandyr;
44tebigy ten ekilip, ruhy ten galýandyr. Tebigy ten bar bolsa, ruhy ten hem bardyr.
45Şeýle-de ýazylgydyr: «Ilkinji ynsan Adam ýaşaýan jan boldy», ýöne soňky Adam ýaşaýyş berýän ruh boldy.
46Emma ruhy bolan däl-de, tebigy bolan ilkinjidir, ruhy bolan soň gelendir.
47Ilkinji adam ýerden, toprakdandyr, ikinji adam bolsa Gökden inen Rebdir.
48Toprakdan bolan adam nähili bolsa, topraga degişliler hem şeýledir. Gökden inen nähili bolsa, Göge degişliler hem şeýledir.
49Biz toprakdan bolanyň keşbini nähili göteren bolsak, Gökden ineniň keşbini hem şeýle götereris.
50Ýöne, eý doganlar, men et bilen ganyň Hudaýyň Patyşalygyndan paý alyp bilmeýänini, şeýle hem çüýreýäniň-de çüýremezlikden paý alyp bilmeýänini aýdýaryn.
51Ine, size bir syry paş edeýin. Biziň hemmämiz öljek däl, soňky surnaý çalnanda, birden göz açyp-ýumasy salymda üýtgediljekdiris.
52Çünki surnaý çalynjak, ölüler çüýremez bolup, direljek, biz üýtgediljekdiris.
53Sebäbi bu çüýreýän çüýremezlik donuny geýmelidir, bu ölümli ölmezlik donuny geýmelidir.
54Bu çüýreýän çüýremezlik, bu ölümli ölmezlik donuny geýende, «ölüm ýeňişde ýuwduldy» diýen söz ýerine ýeter.
55«Eý ölüm, hany seniň tikeniň? Eý, ölüler diýary, hany seniň ýeňşiň?»
56Ölümiň tikeni günädir, günäniň güýji bolsa kanundyr.
57Emma Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňşi yhsan eden Hudaýa şükür!
58Şonuň üçin, eý söýgüli doganlar, elmydam berk, durnukly bolup, Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň, çünki zähmetiňiziň Rebde boş däldigini bilýänsiňiz.