Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
40 verses
1Söýginiň yzynda boluň hem-de ruhy sylaglara, has-da pygamberlik etmäge yhlas ediň.
2Çünki bilinmeýän dilde gepleýän, adam bilen däl-de, Hudaý bilen gepleşýändir, çünki oňa hiç kim düşünýän däldir, ol syrlary ruh bilen aýdýandyr.
3Pygamberlik edýän kişi adamlary abatlamak, nesihat we göwünlik bermek üçin gepleýändir.
4Başga dilde gepleýän özüni abatlaýandyr, ýöne pygamberlik edýän ýygnagy abatlaýandyr.
5Men siziň hemmäňiziň başga dillerde geplemegiňizi, has-da pygamberlik etmegiňizi arzuw edýärin. Bu dillerde gepleýän ýygnagyň abatlanmagy üçin düşündirmeýän bolsa, onda pygamberlik edýän ondan gowudyr.
6Eý doganlar, men siziň ýanyňyza baryp, başga dillerde geplesem, ýöne ylham, bilim, pygamberlik ýa taglymatdan gürrüň bermesem, size näme haýrym deger?
7Ses çykarýan jansyz zatlar, meselem, tüýdük ýa gusli biri-birinden parhly ses çykarmasa, tüýdük ýa gusli bilen näme çalynýandygy nähili bilner?
8Çünki surnaý hem näbelli ses çykarsa, urşa kim taýýarlanar?
9Şeýlelikde, siz hem dil arkaly düşnükli gürrüň bermeseňiz, näme aýdýanyňyz nähili bilner? Çünki bu howa gürrüň berdigimiz bolar.
10Dünýäde dürli-dürli dilleriň bardygy, olaryň hiç biriniň-de manysyz däldigi gürrüňsizdir.
11Ýöne aýdylana düşünmesem, onda men gepleýäne bigäne, ol hem maňa bigäne bolar.
12Şeýlelikde, siz hem ruhy sylaglara yhlas edişiňize görä, ýygnagy abatlamak üçin, sylaglara baý bolmaga çalşyň.
13Şonuň üçin bilinmeýän dilde gepleýän adam ony manylandyrar ýaly doga etsin.
14Çünki men başga bir dilde doga edýän bolsam, ruhum doga edýändir, ýöne akylym miwesizdir.
15Näme etmeli? Men ruh bilen doga etjek, ýöne akyl bilen hem doga etjek. Ruh bilen nagma aýtjak, ýöne akyl bilen hem nagma aýtjak.
16Sebäbi sen ruh bilen alkyş aýtsaň, bilimsiz adamlar seniň şüküriňe nähili «omyn» diýsin? Sebäbi ol seniň näme aýdýanyňa düşünýän däldir.
17Dogry, sen gowy şükür edýärsiň, ýöne beýleki abatlanmaýar.
18Men dillerde hemmäňizden köp gepleýänime Hudaýa şükür edýärin.
19Ýöne ýygnakda beýlekilere-de öwreder ýaly, akylym bilen bäş söz aýtmagy başga dilde on müň söz aýtmakdan gowy görýärin.
20Doganlar, akylda çaga ýaly bolman, ýamanlykda çaga ýaly bolup, akylda kämil boluň.
21Reb şeýle diýýär: «Men bu halka başga diller bilen, ýatlaryň agzy bilen gürrüň bererin, şonda-da Meni diňlemezler» diýip Kanunda ýazylgydyr.
22Şeýlelikde, diller iman edenlere däl-de, iman etmediklere, pygamberlik hem iman etmediklere däl-de, iman edenlere alamatdyr.
23Bütin ýygnak bir ýere üýşüp, ählisi başga dillerde geplese we bilimsizler ýa-da iman etmedikler içeri girse, olar: «Siz akylyňyzdan azaşypsyňyz» diýmezmi?
24Emma hemmeler pygamberlik etse we bir iman etmedik ýa bir bilimsiz içeri girse, hemmeler tarapyndan ýazgarylyp, hemmeler tarapyndan höküm ediler.
25Ýüreginiň gizlin syrlary aýan bolup, ýüzin ýykylar, «Hudaý, dogrudan-da, siziň araňyzda» diýip, Hudaýa sežde eder.
26Doganlar, indi näme? Bir ýere üýşüşeniňizde, siziň her biriňizde mezmur, tälim, dil, ylham ýa dilleri düşündirme bardyr ― ählisi abatlama üçin bolsun.
27Kimdir biri bilinmeýän dilde gepleýän bolsa, onda iki ýa-da iň ýokarsy üç adam nobatma-nobat gepläp, biri-de manylandyrsyn.
28Düşündirýän ýok bolsa, onda ol adam ýygnakda dymyp, özüne we Hudaýa gürrüň bersin.
29Pygamberleriň hem ikisi ýa üçüsi gürrüň berip, beýlekiler saýgarsynlar.
30Oturanlardan birine ylham gelse, onda ilkinji dymsyn.
31Çünki hemmeler öwrenip, hemmeler öwüt alar ýaly, hemmäňiz biri-biriňiziň yzyndan pygamberlik edip bilersiňiz.
32Pygamberleriň ruhlary pygamberlere tabyndyr.
33Çünki Hudaý tertipsizlik Hudaýy däl-de, mukaddesler ýygnaklarynyň hemmesinde bolşy ýaly, parahatlyk Hudaýydyr.
34Ýygnaklarda aýallaryňyz geplemesin, çünki olara geplemäge rugsat edilen däldir. Olar, kanunyň hem aýdyşy ýaly, tabyn bolmalydyrlar.
35Olar bir zady öwrenjek bolsalar, öýde öz ärlerinden sorasynlar, çünki aýala ýygnakda geplemek aýypdyr.
36Hudaýyň sözi, eýsem, sizden çykdymy? Ýa diňe size ýetdimi?
37Özüni pygamber ýa ruhda kämil saýýan adam size ýazýanlarymyň Rebbiň buýrugydygyny aňlasyn.
38Biri nadanlyk etse, goý, nadanlyk etsin.
39Şonuň üçin, eý doganlar, pygamberlik etmäge yhlas ediň, başga dillerde geplemegi-de gadagan etmäň.
40Ýöne herki zat sypaýyçylyk hem tertip bilen bolsun.