Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
13 verses
1Eger men ynsan hem perişdeleriň dillerinde gepleýän bolsam, ýöne söýgim ýok bolsa, onda jyňňyrdaýan misdirin ýa-da seslenýän simbalydyryn.
2Pygamberlik sylagym bolup, ähli syrlary hem ylymlary bilýän bolsam, daglary ýerinden gozgajak imanym bolsa, ýöne söýgim bolmasa, onda men hiçdirin.
3Ähli zadymy paýlap, ýoksullary doýursam, tenimi ýakmaga bersem, ýöne söýgim bolmasa, onda munuň maňa hiç bir peýdasy ýokdur.
4Söýgi sabyrlydyr, şepagatlydyr, söýgi göripçilik edýän däldir, söýgi öwünip, tekepbirlik edýän däldir.
5Biabraýçylykly iş edýän däldir, öz nepini gözleýän däldir, gaharlanýan däldir, içinde hylt saklaýan däldir.
6Adalatsyzlyga şatlanman, hakykata şatlanýandyr.
7Her zada döz gelýändir, her zada ynanýandyr, her zada umyt baglaýandyr, her zada çydaýandyr.
8Söýgi asla tükenmez. Pygamberlikler bolsa aýrylar, diller dymar, bilim ýoga çykar.
9Çünki biz bölekleýin bilip, bölekleýin pygamberlik edýäris.
10Ýöne kämil bolan gelende, bölekleýin bolan aradan aýrylar.
11Men çagakam, çaga ýaly gepläp, çaga ýaly oýlanyp, çaga ýaly paýhas ederdim, ulalanymda, çaga gylyklarymy goýdum.
12Şindi her zady aýnadaky ýaly ümüzli görýäris, ýöne şol wagt ýüzbe-ýüz göreris. Häzir men bölekleýin bilýärin, ýöne şol wagt öz bilinişim ýaly bilerin.
13Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt, söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir.