Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
31 verses
1Eý doganlar, men ruhy sylaglar barada-da, siziň bihabar galmagyňyzy islemeýärin.
2Butparazkaňyz, biri sizi çekýän ýaly, dilsiz butlaryň yzyna eýerýärdiňiz.
3Şonuň üçin size aýdýaryn: Hudaýyň Ruhy bilen gepleýän kişi: «Isa lagnat!» diýmez, hiç kim hem Mukaddes Ruh bilen bolmasa: «Isa Rebdir!» diýip bilmez.
4Sylaglar dürli-dürli, ýöne Ruh şol bir Ruhdur.
5Gulluklar-da dürli-dürli, ýöne Reb şol bir Rebdir.
6Amallar dürli-dürli, ýöne hemmede her zady emele getirýän Hudaý şol bir Hudaýdyr.
7Ýöne her kişä Ruhuň aýan bolmagy hemmäniň peýdalanmagy üçin berilýär.
8Çünki Ruh arkaly birine akyldarlyk sözi, ýene birine şol Ruh arkaly bilim sözi,
9başga birine şol Ruh arkaly iman, beýlekä şol Ruh arkaly şypa sylaglary,
10birine gudrat görkezme, ýene birine pygamberlik, başga birine ruhlary saýgarma, beýleki birine dürli diller, ýene birine bolsa dilleri düşündirme berilýär.
11Bularyň hemmesini bolsa şol bir Ruh emele getirýär. Ol her birine Öz halaýşyna görä, aýry-aýry bölüp berýär.
12Ýöne teniň bir we agzasynyň köp bolşy ýaly, teniň agzasy köp bolsa-da, bir tendir, Mesih-de şeýledir.
13Çünki ýehudy bolsun ýa grek bolsun, gul bolsun ýa azat bolsun ― biziň hemmämiz bir Ruh arkaly bir tene çokundyryldyk, hemmämize bir Ruhdan içirildi.
14Ten hem bir agzadan däl-de, köp agzadan ybaratdyr.
15Aýak: «Men el däldigim üçin, tene degişli däldirin» diýeni bilen, tene degişli bolman bilmez.
16Gulak: «Men göz däldigim üçin, tene degişli däldirin» diýeni bilen, tene degişli bolman bilmez.
17Tutuş ten göz bolan bolsa, onda eşidiş nirede bolardy? Bary eşidiş bolan bolsa, onda ysgaýyş nirede bolardy?
18Emma Hudaý agzanyň her birini tende Öz isleýşine görä goýdy.
19Hemmesi bir agza bolan bolsa, onda ten nirede bolardy?
20Şeýlelikde, agza köp, ýöne ten bir.
21Göz ele: «Sen maňa gerek däl» diýip bilmez. Kelle aýaklara: «Siz maňa gerek däl» diýip bilmez.
22Tersine, teniň ejiz görünýän agzalary has köp gereklidir.
23Biz teniň hormatsyzrak görünýän agzasyna has köp hormat goýýarys, owadan däl agzalarymyzyň has köp görki bardyr.
24Ýöne görkli agzalarymyz muňa mätäç däldir. Emma Hudaý tende hiçbir bölünişik bolman, agzalar deňlik bilen biri-biriniň aladasyny etsin diýip,
25teni guranda, ähmiýetsiz agzalary has köp hormatlady.
26Bir agza horluk çekse, ähli agzalar bilelikde horluk çeker. Bir agza şöhratlansa, ähli agzalar bilelikde şatlanar.
27Siz Mesihiň teni, aýry-aýry agzalarysyňyz.
28Hudaý ýygnakda birinjileri resul, ikinjileri pygamber, üçünjileri öwrediji edip oturtdy. Ondan soň gudrat görkezmeleri, soňra şypa sylaglaryny, ýardamlary, edaralary, dürli dilleri berdi.
29Hemmeler resulmydyr? Hemmeler pygambermidir? Hemmeler öwredijimidir? Hemmeler gudrat görkezýänmidir?
30Hemmeleriň şypa sylagy barmy? Hemmeler dürli dillerde gepleýärmi? Hemmeler dilleri manylandyrýarmy?
31Siz ulurak sylaglara yhlas ediň, men ýene size mundan hem gowy ýoly görkezeýin.