Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
34 verses
1Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz hem menden görelde alyň.
2Eý doganlar, her zatda meni ýada salýanlygyňyz, taglymaty size tabşyryşym ýaly saklaýanlygyňyz üçin, men sizi taryplaýaryn.
3Siziň muny-da bilmegiňizi isleýärin: her erkegiň baýary Mesih, aýalyň baýary erkek, Mesihiň baýary hem Hudaýdyr.
4Başyna zat geýip, doga ýa pygamberlik edýän erkek kişi öz başyny biabraý edýändir.
5Başy açyk doga ýa pygamberlik edýän aýal kişi hem öz başyny biabraý edýändir, çünki bu saçy syrylmak bilen birdir.
6Çünki aýal başyny örtmeýän bolsa, onda saçyny-da kesdirsin. Aýal saçynyň kesilmeginden ýa-da syrylmagyndan utanýan bolsa, onda başyny örtsün.
7Çünki erkek Hudaýyň suraty hem şöhratydygy üçin başyny örtmeli däldir, ýöne aýal erkegiň şöhratydyr.
8Çünki erkek aýaldan däl-de, aýal erkekdendir.
9Sebäbi erkek aýal üçin däl-de, aýal erkek üçin ýaradyldy.
10Şonuň üçin, perişdeleriň hatyrasyna aýalyň başynda onuň ygtyýar astyndadygyny görkezýän belgi bolmalydyr.
11Ýöne welin Rebde ne aýal erkeksiz, ne-de erkek aýalsyzdyr.
12Çünki aýalyň erkekden bolşy ýaly, erkek hem aýal arkaly dünýä inendir, ýöne hemme zady Hudaý ýaradandyr.
13Siziň özüňiz baha beriň: aýalyň başy açyk Hudaýa doga etmegi ýaraşyklymydyr?
14Erkegiň saçy uzyn bolsa, bu onuň üçin biabraýçylykdygyny,
15ýöne aýalyň saçy uzyn bolsa, bu onuň üçin abraýdygyny tebigatyň özi öwretmeýärmi? Çünki saç aýala bürenjek ýerine berlendir.
16Ýöne biriniň jedel edesi gelýän bolsa, biziň hem, Hudaýyň ýygnaklarynyň hem beýle endigi ýok.
17Emma bu taglymatda sizi taryplamaýaryn, çünki siziň üýşmeleriňiz peýdaly däl, zyýanlydyr.
18Çünki, birinjiden, haçan ýygnakda üýşüşeniňizde, araňyzda bölünişigiň bolýanyny eşidýärin, muňa az-kem ynanýarynam.
19Çünki araňyzdaky Hudaýyň tassyklan adamlary belli bolar ýaly, araňyzda bölünişigiň bolmagy zerurdyr.
20Siz bir ýere üýşüşeniňizde, Rebbiň naharyny iýmek üçin üýşmeýärsiňiz.
21Çünki nahar iýeniňizde, her kim öz naharyny beýlekilerden öňürti alýar, biri aç galýar, ýene biri serhoş bolýar.
22Siziň iýmäge, içmäge öýüňiz ýokmy? Ýa-da Hudaýyň ýygnagyny äsgermän, ýoksullary utandyrýarsyňyzmy? Men size näme diýeýin? Sizi taryplaýynmy? Bu zatda sizi taryplamaryn.
23Çünki men Rebden alanymy size tabşyrdym. Reb Isa Özüniň tutulyp berlen gijesi çörek alyp,
24şükür edeninden soň, ony bölüp: «Alyň, iýiň, bu meniň siziň üçin döwlen bedenimdir, muny meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi.
25Şonuň ýaly-da, nahardan soň käsäni alyp: «Bu käse meniň ganym bilen berkidilen täze ähtdir, her gezek içeniňizde, meni ýada salmak üçin muny berjaý ediň» diýdi.
26Çünki siz bu çöregi her gezek iýeniňizde, käseden her gezek içeniňizde, tä Özi gelýänçä, Rebbiň ölümini yglan edýänsiňiz.
27Şonuň üçin her kim mynasyp bolmadyk tärde Rebbiň bu çöregini iýse ýa bu käseden içse, Onuň teni we gany babatda ýazykly bolar.
28Adam özüni synap görensoň, bu çörekden iýmeli, bu käseden hem içmelidir.
29Çünki kim Rebbiň tenini saýgarman, gelşiksiz tärde iýse, içse, özüne garşy höküm iýýändir we içýändir.
30Şonuň üçin siziň araňyzda köpleri ejiz, hassa, ölenleriň hem sany az däl.
31Öz-özümizi synan bolsak, höküme duçar bolmazdyk.
32Üstümizden höküm çykarylanda, bize dünýä bilen bilelikde iş kesilmez ýaly, Reb bizi terbiýeleýär.
33Eý doganlar, nahar iýmek üçin üýşüşeniňizde, biri-biriňize garaşyň.
34Siz höküm üçin üýşüşmez ýaly, kim aç bolsa, öz öýünde iýsin. Galan zatlary bolsa özüm baramda düzederin.