Loading Bible Translation
First-time download in progress. This may take a few seconds…
Turkmen Holy Bible Wordproject Bible
33 verses
1Eý doganlar, atalarymyzyň barynyň bulut astynda bolanyndan, barynyň deňizden geçeninden habarly bolmagyňyzy isleýärin.
2Bary bulutda hem deňizde Musa çokundyryldy.
3Bary şol bir ruhy iýmiti iýdi.
4Bary şol bir ruhy içgini içdi, sebäbi olar özlerine hemralyk eden ruhy gaýadan içýärdi. Ol gaýa bolsa Mesihdi.
5Emma Hudaý olaryň köpüsinden razy däldi. Çölde olaryň jesetleri serlip galdy.
6Ýöne olaryň höweslenişi kimin, biz-de ýamana höweslenmez ýaly, bu wakalar bize mysal hökmünde ýüze çykdy.
7«Halk iýip-içmek üçin aşak oturdy we oýnamak üçin ýokary galdy» diýip ýazylyşy ýaly, olaryň käbirleri kimin siz hem butparaz bolmaň.
8Zyna etmäliň, çünki olaryň käbirleri zyna edip, bir günde ýigrimi üç müň adam öldi.
9Rebbi synamalyň, çünki olaryň käbirleri Ony synap, ýylanlardan heläk boldular.
10Käýinmäň, çünki olaryň käbirleri käýinip, ölüm perişdesiniň elinden heläk boldular.
11Ýöne bu zatlaryň bary olaryň başyna görelde hökmünde inip, döwürleriň soňuna ýeten bize ündew üçin ýazyldy.
12Şonuň üçin men dogrudyryn diýip pikir edýän adam öz ýykylmagyndan ägä bolsun.
13Siz her kişiniň başyna gelýänden başga hiç bir synaga salynmadyňyz. Hudaý dogruçyldyr, Ol size güýjüňizden öte synalmagyňyza ýol bermän, döz gelip bilmegiňiz üçin, synag bilen bilelikde çykalga-da açar.
14Şonuň üçin, eý, eziz doganlarym, butparazlykdan gaçyň.
15Men düşünjeli adamlara gürrüň berýärin. Aýdýanlaryma özüňiz baha beriň.
16Biziň şükür edýän şükür käsämiz Mesihiň ganyna şärikçilik dälmi? Biziň bölýän çöregimiz Mesihiň tenine şärikçilik dälmi?
17Çöregiň bir bolşy ýaly, köp bolan biz hem bir tendiris, sebäbi biziň hemmämiziň şol bir çörekde paýymyz bardyr.
18Ysraýyl halkyna serediň, gurbanlyklary iýýänler gurbanlyk edilýän ýer bilen şärikçilik edýänler dälmi?
19Men näme diýýärin? Buta berlen gurban bir zatmydyr? Ýa-da but bir zatmydyr?
20Ýok, ýöne butparazlar berýän gurbanyny Hudaýa däl-de, jynlara berýär diýýärin. Men siziň jynlar bilen şärikçilik etmegiňizi islämok.
21Siz hem Rebbiň käsesinden, hem jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz. Siz hem Rebbiň saçagyna, hem jynlaryň saçagyna şärik bolup bilmersiňiz.
22Ýa-da biz Rebbiň gabanjaňlygyny oýarýarysmy? Biz Ondan güýçlümi?
23Maňa ähli zada rugsat edilendir, ýöne hemme zat peýdaly däldir. Maňa ähli zada rugsat edilendir, ýöne hemme zat abatlaýan däldir.
24Hiç kim öz peýdasyny gözlemesin, başganyň peýdasyny gözlesin.
25Et bazarynda näme satylýan bolsa, ynsap hatyrasy üçin, hiç bir zady seljermän iýiň.
26Çünki Ýer we onuň ýüzündäki ähli zat Rebbiňkidir.
27Iman etmedikleriň biri sizi nahara çagyryp-da, siz hem gitmek isleseňiz, öňüňizde näme goýulsa, ynsap hatyrasy üçin, her bir zady seljermän iýiň.
28Emma biri size: «Bu butlara berlen gurbanyň etidir» diýse, ýaňky habar bereniň hatyrasy üçin we ynsap hatyrasy üçin iýmäň, çünki Ýer we onuň içindäkileriň bary Rebbiňkidir.
29Men ynsap diýip, seniň özüňkä däl-de, beýlekiniňkä diýýärin, sebäbi näme üçin meniň azatlygymyň üstünden beýlekiniň ynsaby höküm çykarýar?
30Men şükür edip, nahara goşulýan bolsam, onda näme üçin şükür edýän zadym üçin maňa käýelýär?
31Iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de, baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň.
32Ýehudylara, greklere we Hudaýyň ýygnagyna büdremäge sebäp bolmaň.
33Çünki men hem her zatda her kesi razy etmäge çalyşýaryn. Men muny öz bähbidim üçin edemok, gutulsynlar diýip, köp adamlaryň bähbidi üçin edýärin.